Iň uly aýsberg.Antarktidanyň günbataryndaky Weddella deňzindäki Ronne buzlygyndan äpet aýsberg gopdy. Ýewropa kosmos gullugynda (ESA) görkezilişi ýaly, onuň meýdany, takmynan, 4 müň 320 inedördül kilometre barabardyr.
Onuň uzynlygy 170 kilometre, ini 25 kilometre deň.Ol ululygy boýunça Korsika adasynyň ýarysy bilen deňeşdirilýär.ESA eýýäm ony dünýäniň iň uly aýsbergi diýip atlandyrdy.Aýsberg Britaniýanyň Antarktida gözleg gullugynyň Ýer togalagynyň gözegçilik hemrasy Sentinel-1 arkaly ýüze çykaryldy.
Marsdan ilkinji suratlary iberdi.Hytaý marsohody Çžužun Gyzyl planetada düşürilen wideolary we suratlary Ýere ugradyp başlady.Bu barada Hytaýyň milli kosmos müdirligi habar berýär.Häzir marsohod gonan ýerinden gozganyp, Gyzyl planetada barlag işlerini geçirmek üçin hereket edip ugrady.
Ozal habar berlişi ýaly 15-nji maýda Hytaýyň ilkinji Týanwen-1 kosmos gämisi, Marsyň Utopiýa düzlügine üstünlikli gondy.Ol özüne berkidilen Çžužun marsohodyny Gyzyl planeta eltdi.Enjam 92 günläp Marsda işlär.
Eýnşteýniň haty satyldy.Albert Eýnşteýniň meşhur E = mc2 deňlemesi ýazylan haty 1,2 million dollara RR auksion öýünde satyldy.Bu barada The Guardian Bostondaky auksion öýüne salgylanyp habar berýär.
Nemes dilinde ýazylan bir sahypalyk golýazma 1946-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda polýak-amerikan fizigi, alymy Lýudwig Silberşteýne ýazylypdyr.Eýnşteýn özüne berlen soraga E = mc2 formulasy bilen jogap ýollaýar.
Ol bu ýazgyny Prinston uniwersitetinde ýazýar.
Meşhur gaýa ýykyldy.Ekwadordaky Galapagos adalarynyň nyşanlarynyň biri bolan Darwin gaýasy eroziýa sebäpli ýykyldy.Indi tebigy gaýanyň ýokarky böleginiň birleşýän ýeriniň çökmegi netijesinde deňziň ýüzünde iki sany sütün seleňläp görünýär.
Darwiniň gaýasy guwwaslar üçin meşhur ýer bolup, dünýäniň dürli künjeklerinden köp syýahatçyny özüne çekýärdi. 1978-nji ýylda ÝUNESKO Galapagos adalaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizip, 1985-nji ýylda Bütindünýä biosfera goraghanasy diýip yglan etdi.
Iň uly tort taýýarlandy.Fransiýaly konditer aşpezleri Opera atly dünýäniň iň uly tortuny ýasadylar.Guramaçylaryň bellemegine görä, ullakan deserti taýýarlamaga müň ýumurtga we 36 kg şokolad ýaly ýüz kilogram önüm sarp edildi. 30,73 metr uzynlykdaky torty taýýarlamak üçin konditer aşpezlerine üç gün gerek boldy.
Torty Pariž operasynyň ýerleşýän ýeri bolan Garnýe köşgündäki stollara ýerleşdirdiler.Bu tortdan dadyp görmek üçin jemi üç müňe golaý adam geldi. Şeýle-de, tort talyp birleşiklerine sowgat edildi.
Kölden tapylan oba.Italiýada kölüň düýbünden Kuron atly oba tapyldy.Ol 70 ýyldan gowrak wagtlap suwuň astynda galypdyr.Kölde abatlaýyş işleri geçirilip, wagtlaýyn guradylýar.
Netijede, onuň aşagyndan 160-dan gowrak jaý tapylýar.Kuron obasynyň iki tebigy kölüň birleşýän ýerinde ýerleşýändigi üçin Glorensdäki elektrik stansiýasynda önümçiligi artdyrmak üçin 1950-nji ýylda obany göçürip, ol ýeri hem suwa basdyrmaly bolýar.
Diňe XIV asyrda gurlan ybadathananyň diňi kölüň ýüzünden çykyp durupdyr.
Benin bürünçleri gaýtarylar.Berlin muzeýi XIII-XIX asyrlarda häzirki Nigeriýanyň çäklerinde hökümdarlyk eden Benin patyşalygyna degişli bürünçden ýasalan çeper önümleri yzyna gaýtaryp berer.Bu sungat eserleriniň XIX asyryň ahyrynda alnyp gaýdylandygy anyklanypdyr.
Häzirki wagtda muzeýlerde we hususy kolleksiýalarda müňe golaý eksponat bar.Olaryň 500-den gowragy Berlin muzeýinde.Britan muzeýi hem gymmatlyklary taryhy watanyna gaýtarmaly diýen netijä geldi.Häzir ol ýerde iki ýüz töweregi Benin bürünç önümleri bar.
Sakura göwheri satyldy.Haýran galdyrýan iri we gymmat Sakura göwheri rekord derejede 29 million dollara satyldy.Söwda Gonkongda geçirildi. 15,8 karatlyk gülgüne-gyrmyzy reňkli daş ýüzüge zynat berýär.
Iki alyjy saýalaryň seýrek utgaşmasy bilen öwşün atýan göwher gaşly ýüzük üçin söwdalaşdylar.Olaryň biri telefonda söwdalaşyp, ep-esli töledi.Gymmat bahaly daş Ýaponiýada üljäniň bir görnüşi bolan sakura agajynyň adyny göterýär.