Ýewropa sapar eder. ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen iýun aýynda Ýewropa sapary wagtynda duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. ABŞ-nyň Prezidenti 11-13-nji iýunda Kornuwollda /Beýik Britaniýada/ geçiriljek G7 sammitine gatnaşar we G7 ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer. Soňra Jozef Baýdeniň Belgiýanyň paýtagty Brýussele sapar etmegine garaşylýar.
Jemi içerki önümi öser.Beýik Britaniýanyň jemi içerki önümi 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 7,25% ýokarlanar we bu 1941-nji ýyldan bäri halk hojalygynyň iň ýokary ösüş depgini bolar.
Bu barada Angliýa Bankynyň çap eden hasabatynda mälim edilýär. Şeýle-de, Angliýa Banky 2022-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşi baradaky çaklamasyny 7,25%-den belli bir derejede peseltdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda pandemiýa sebäpli Beýik Britaniýanyň jemi içerki önümi ep-esli pese gaçypdy.
Bu ýagdaý 1709-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýüze çykypdy.
Girdejisi ýokarlanýar.Saud Arabystanynyň Milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco-nyň şu ýylyň birinji çärýegindäki arassa girdejisi 21,7 milliard dollara çenli ýokarlandy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% köpdür.
Bu ösüş halkara nebit bazarynyň güýçlenmegi, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň girdejililiginiň ýokarlanmagy bilen mümkin boldy.Saudi Aramco-nyň 2020-nji ýyldaky arassa girdejisi dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, takmynan, 45% azalyp, 49 milliard dollara düşüpdi.