Dünýä habarlary gysga setirlerde

Ýewroparlamentiň karary. Ýewropa Parlamenti Beýik Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda we hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany makullady.Resminama 660 deputat tarapyndan goldanyldy, bäşisi garşy çykdy. Şertnamanyň gutarnykly güýje girmegi üçin ÝB ýurtlary tarapyndan ylalaşylmaly. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Beýik Britaniýa içerki bazar kanunyny hödürledi.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda ÝB we Beýik Britaniýa Birleşen Korollygyň serhedinden geçjek harytlaryň 98% -i üçin paçsyz meýilnama barada ylalaşdylar.

NASA-nyň täze başlygy.ABŞ Kongresiniň Senaty Bill Nelsonyň ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugynyň (NASA) başlygy wezipesine dalaşgärligini biragyzdan tassyklady.ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 78 ýaşly Nelsonyň dalaşgärligini mart aýynda Senatyň tassyklamagyna hödürläpdi.

Nelson Demokratik partiýanyň agzasy bolup, Florida ştatyndan üç gezek Senata saýlandy.Ol 2019-njy ýyldan bäri NASA-nyň geňeşiniň agzasy bolup durýar.Nelson 1986-njy ýylda Space Shuttle maksatnamasynyň çäginde kosmosa uçuşyny amala aşyrdy.

Iň uzyn asma köpri.Portugaliýanyň demirgazygynda, Aroka şäheriniň golaýynda dünýäde iň uzyn asma köpri guruldy.Onuň uzynlygy 516 metre, ini 1,2 metre deň.Bu köpri derýanyň hanasyndan 175 metr ýokarda ýerleşip, aşagyndan Paýwa derýasy akyp geçýär.

Täze syýahatçylyk merkeziniň iki ýyllap dowam eden gurluşygyna 2,3 million ýewro sarp edildi.Desganyň gurluşygynda, esasan, metal ulanyldy.Häzirki wagtda ilkinji pyýadalar ýerli ýaşaýjylar köprüden geçdiler.

Ikinji gezek uçdy.Dünýäniň iň uly uçary Stratolaunch ikinji uçuşyny amala aşyrdy.Uçar Kaliforniýadaky Mohawe aerokosmos portundan göterildi.Synag uçuşy üstünlikli boldy.Onuň ilkinji uçuşy 2019-njy ýylyň aprelinde bolup geçdi.

Amerikanyň Stratolaunch kompaniýasy Microsoft-yň esaslandyryjysy Pol Alleniň gatnaşmagynda döredildi.Uçar ganatynyň gerimi we uzynlygy boýunça iň ulusy bolup, ilkibaşda kosmos raketalaryny uçurmaga niýetlenipdi.Bu uçar gipersesli tehnologiýalary synamak üçin ulanyldy.

Iň agyr mango ýetişdirildi.Kolumbiýaly daýhanlar iň agyr mangony ösdürip ýetişdirdiler, onuň agramy dünýä rekordyny täzeledi.Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda bellenmegine görä, miwe agramy bilen köpleri haýran galdyrdy.

Bu rekord Boýaka şäherindäki San Martin fermasynda goýuldy.Daýhanlaryň ösdürip ýetişdiren mangosynyň arassa agramy 4,25 kilograma deň.Miwe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.Resmi bellige alnandan soň, daýhan maşgalasy mangony häkimlige bermek üçin nusgaladylar.

Soňra bolsa miwäni kesip iýdiler.

Guwwaslaryň rekordy. 100-den gowrak hytaýly guwwas suw perileriniň lybasynda ägirt akwariuma çümüp, dünýä rekordyny goýdy.Bu suwasty ýüzüş iň uly çäre hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Täsin çäre Haýnan adasyndaky Atlantik Sanýa şypahanasynda bolup geçdi.Daýwing boýunça hünärmenleriň birleşigi tarapyndan gurnalan bu akrobatik çäre taryhda iň ulusy boldy.Bu şypahananyň eýeleri suw desgasynyň üçünji ýyllygyny bellemek üçin suw perileriniň çykyşlaryny sargyt edendikleri habar berilýär.

Iň uly göwher satylar. 12-nji maýda Ženewanyň Christie’s Magnificent Jewels auksionynda agramy 100,94 karata deň bolan göwher satylar.Bu barada Russiýanyň Alrosa kompaniýasynyň wekilleri habar berýär.

Bu göwher 5 ýyl ozal gazylyp alnan agramy 207,29 karat bolan seýrek göwherden ýasaldy.Kristal XXI asyrda kompaniýa üçin iň uly göwherleriň biridir.Ony taraşlamak üçin bir ýarym ýyl gerek boldy.

The Spectacle atly bu göwher adam eli bilen taraşlanan tebigatyň hakyky gudraty diýip, Alrosanyň baş direktory Sergeý Iwanow aýtdy.

Dünýä rekordyny täzeledi.Katarda ýaşaýan dört ýaşly hindi gyzjagazy Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky ähli himiki elementleri ýatdan aýdyp, dünýä rekordyny täzeledi.Bu barada Kataryň The Peninsula Qatar gazeti mälim edýär.

Maglumatlara görä, çaga periodik tablisanyň ähli elementlerini hiç bir kynçylyksyz ýatdan aýtmagyň hötdesinden geldi.Rekordy täzelemek üçin gyzjagaza 2 minut 28 sekunt gerek boldy.Rekordlar kitabyny düzüjileriň belleýşi ýaly, bu netije çagalaryň arasyndaky iň gowy görkezijidir.

The post Dünýä habarlary gysga setirlerde appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar
NASA awgust aýynda UNO barada hasabatyny çap eder
Adamlar 2040-njy ýylda Marsa gadam basar
Ýer güni bellenilýär
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary
2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi