Dünýä habarlary gysga setirlerde

Rekord derejä çykdy. Şu ýylyň birinji çärýeginde BMW-niň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,5% ýokarlandy.Munuň rekord ähmiýetlidigi, ösüşiň dünýäniň ähli esasy sebitlerinde hasaba alnyp, onuň ähli markalaryna degişlidigi bellenildi.

Hususan-da, Ýewropada pandemiýa garamazdan, satuwlar 8%-den gowrak ýokarlandy.Umuman, ýanwar-mart aýlarynda, takmynan, 637 müň awtoulag satyldy.Gibrid we ähli elektroulaglaryň satuwynyň iki esse artyp, bu döwürde olaryň 70 müňden gowragy satyldy.

Ilkinj arap zenan kosmonawty.Birleşen Arap Emirliklerinde ilkinji arap zenan kosmonawtynyň ady mälim edildi.Bu barada BAE-niň Premýer-ministri Muhammet bin Reşid Al-Maktum özüniň twitter akkaundynda: BAE özüniň iki täze kosmonawtyny yglan edýär.

Olaryň ilkinjisi Nura Al-Matruşi, ikinjisi Muhammet Al-Mulla diýip, belledi.Onuň sözlerine görä, täze kosmonawtlar dört müň dalaşgäriň arasyndan saýlanyp alyndy.Olaryň türgenleşikleri ýakyn wagtda NASA-nyň maksatnamasyna laýyklykda başlar.

60 ýyllygy bellendi. 12-nji aprelde Russiýada kosmonawtika güni Ýuriý Gagariniň kosmosa uçuşynyň 60 ýyllygy bellenildi.Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Gagariniň gonan ýerine baryp, onuň ýadygärligine gül goýdy. Ýuriý Gagarin dünýäde ilkinji bolup 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde Wostok göteriji raketasyna berkidilen Wostok-1 kosmos gämisi arkaly orbita çykdy.

Wostok-1 Ýeriň töwereginden bir aýlaw edip, şol gün hem Ýere gaýdyp geldi.Ol gäminiň gonduryjysyndan paraşýutly böküp, Saratow sebitiniň Smelowka obasynyň golaýyna gondy.

Alan Týuring banknotda.Beýik Britaniýada çykaryljak täze banknotda 50 funt sterlingde şa zenany Ýelizaweta II we matematik Alan Týuring şekillendiriler.Kagyz pulda demir gologramma we mikroçip ulanylyp, galplyklardan goralar.

Onda alymyň uruş döwründe işlän mekdebiniň ýerleşýän Bletçli seýilgähi şekillendiriler. Şeýle-de, Týuringiň matematiki formulasy, ilkinji hasaplaýyş enjamy we beýleki işleri banknotda görkeziler.Täze banknot 1912-nji ýylyň 23-nji iýunynda doglan matematigiň doglan gününde dolanyşyga giriziler.

Iň garry pianinoçynyň konserti. Ýapon pianinoçysy Muroi Maýako 1921-nji ýylda doguldy we 1945-nji ýylda ol eýýäm professional sazanda bolupdy.Ol doglan gününiň öňüsyrasynda Tokioda konsert berdi we pikirlerini tomaşaçylar bilen paýlaşdy: Gowy sazanda bolmak üçin nämäniň gerekdigine düşünip başladym.

Munuň üçin öz içiňden gözläp tapylýan çuňluk zerur.Maýako özüniň uzak karýerasynda 13 ýurda baryp gördi.Ol indi Ýaponiýanyň iň garry pianinoçysy bolup, köpçülikde çykyş etmegini dowam etdirýär. 18-nji aprelde onuň 100 ýaşy dolýar.

Iýip bolýan bulgur. Ýaşyl hereketiň işjeň talyplary plastmassanyň agdyklyk etmegine garşy göreşe goşant goşmaly diýen karara geldiler. Şeýlelikde, Çehiýanyň 50-den gowrak garbanyşhanasynda süle ýarmasyndan edilen iýip bolýan bulgurlar bilen içgi hödürlenip ugrady. Ýaşlaryň oýlap tapan bu bulgury süýji tagamy bilen tapawutlanýar.

Iýilýän okaranyň düzüminde un, krahmal we ýumurtga bar.Bu bulgur gyzgyn çaýy ýa-da kofeni 40 minutlap sowatmaýar.Bulgur ulanylyp başlanyndan 12 sagat soň hem ýumşamaýar.Olar indi peýnir tagamly iýilýän bulgur ýasamakçy.

Uniwersitet şäherçesi gurlar.Hytaý birnäçe ýylyň içinde Budapeştde Ýewropa Bileleşiginde ilkinji boljak Şanhaýyň Fudan uniwersitetiniň şäherçesini açmagy meýilleşdirýär.Uniwersitetiň şäherçesi Hytaýyň 1,47 milliard dollar pul serişdeleri bilen gurlar.

Wengriýa bu taslama 300 million ýewro goşant goşar diýip, Wengriýa metbugaty habar berdi.Diňe bu taslamanyň bahasy Wengriýanyň hökümetiniň 2019-njy ýylda ýokary bilime sarp eden umumy býujetinden ýokary bolar.

Gilermo Lasso gazandy.Ekwadorda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda KREO hereketine wekilçilik edýän Gilermo Lasso sesleriň köpüsine eýe boldy.Deslapky maglumatlara görä, Gilermo Lasso saýlawçylaryň 52,48%-iniň goldawyna eýe boldy.

Umyt bileleşigine wekilçilik edýän bäsdeşi Andres Araus sesleriň 47,52%-ini aldy.Ekwadoryň Prezidenti Lenin Moreno Gilermo Lassony Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady.Saýlanan Prezident 24-nji maýda işe başlar.

Onuň wezipe möhleti dört ýyl.

The post Dünýä habarlary gysga setirlerde appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

BMG: Ukrainadaky uruşda 11 müň 700 raýat ýogaldy
Prezident saýlawlarynda öňde barýar
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Türkiýe Asyrynyň Gahrymanlary Uly Hormat Bilen Hatyralanýar
Garry zenan öz patasynda direldi we tabydyň gapagyny kakdy
Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi