Premýer-ministr wezipesine bellendi.Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Ulukbek Maripowy ýurduň Premýer-ministri wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi.Bu barada Prezident edarasynyň maglumat bölüminiň beýanatynda mälim edilýär. Şeýle hem Sadyr Japarow ýurduň hökümet agzalaryny bellemek baradaky karara gol çekdi.
Gyrgyz Respublikasynyň nobatdan daşary Prezident saýlawy 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirildi. Şol saýlawlaryň birinji tapgyrynda Sadyr Japarow sesleriň 79,84 göterimi bilen ýeňiş gazandy.
Hökümet gurmagy tabşyrdy.Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella Ýewropanyň Merkezi Bankynyň öňki başlygy Mario Dragä hökümet gurmagy tabşyrdy.Muny Prezident administrasiýasynyň baş sekretary Ugo Zampetti yglan etdi.
Prezidentiň Ýewropanyň Merkezi Bankynyň öňki başlygy bilen duşuşygy bir sagada golaý dowam etdi. 13-nji ýanwarda dört partiýaly dolandyryjy bileleşigiň öz işini bes etmegi bilen Italiýada Premýer-ministriň orny boş durdy.
Draginiň ýakyn günlerde Ministrler Kabinetiniň täze düzümine girjekleriň sanawyny düzmegine garaşylýar.
Mongoliýanyň 32-nji Premýer-ministri. Luwsannamsraýin Oýun-Erdene ýurduň Beýik Döwlet Huralynyň (Mejlisiniň) umumy mejlisinde Mongoliýanyň 32-nji Premýer-ministri wezipesine bellendi. Onuň dalaşgärligi Mongoliýanyň Prezidenti Haltmagin Battulga tarapyndan Parlamentiň garamagyna hödürlendi. Oýun-Erdeneniň dalaşgärligine wekilleriň 87,9 göterimi ses berdi. Şeýlelikde, dolandyryjy Mongol Halk Partiýasy 41 ýaşly Parlament agzasy Oýun-Erdeneniň Premýer-ministrlige dalaşgärligini goldady.
Ýurduň täze Premýer-ministri. Özgertmeler partiýasynyň başlygy Kaýa Kallas Estoniýanyň Premýer-ministri boldy. Şeýlelikde, Estoniýa dünýäde ilkinji bolup zenanlary Prezident we Premýer-ministr wezipesine saýlan ýeke-täk ýurt hökmünde öňe çykardy.
Kaýa Kallas bilen birlikde ýene alty zenan täze hökümete goşuldy. Şunlukda, ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýarysyna golaýy zenanlardan ybarat boldy.Premýer-ministr Kaýa Kallas we Prezident Kersti Kalýulaýd saýlawlar arkaly bu wezipeleri eýelediler.
92 million dollara satyldy.Renesans zamanasynyň iň möhüm ussatlaryndan biri, Florensiýa surat mekdebiniň wekili, italýan suratkeşi Sandro Bottiçelliniň çeken Medalionly ýigidiň portreti Nýu-Ýorkuň Sotheby’s auksionynda 92,2 million dollara satyldy.
Auksionda alyjynyň ady agzalmady.Surat 1470-1480-nji ýyllar aralygynda çekilipdir. Ýetginjegiň elinde keramatly keşp şekillendirilen medalýon bar.Portret boýy 58,7 sm, ini 38,9 sm bolan tagtada aýratyn tehniki usulda çekilipdir.
Peruda saýlawlar geçiriler.Peruda Prezident we Parlament saýlawlary geçiriler.Bu barada mälim eden döwlet Baştutany Fransisko Sagasti 11-nji aprelde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka bolar diýip belledi.
Perunyň Milli saýlaw toparynyň habaryna görä, ýurduň 25 million 287 müňden gowrak raýaty 2021-2026-njy ýyllar üçin Prezident saýlawlaryna we bir palataly Mejlisiň 130 deputatynyň saýlawlaryna gatnaşmaga hukugy bar.
Perunyň Premýer-ministri Wioleta Bermudes dalaşgärleri we syýasy partiýalary jogapkärçilikli bolmaga çagyrdy.
28 müň sözli krosswordy çözdüler.ABŞ-nyň Kanzas ştatyndan bolan är-aýal dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda wagty netijeli ulanmaly diýen karara geldiler, şonuň üçin hem 28 müň sözden ybarat bolan krosswordy çözdüler. Är-aýal bu äpet krosswordy oglunyň sowgat berendigini aýtdylar.
Onuň ini we boýy 213 santimetr bolup, 90 müň harpdan ybarat.Olar ähli öýjükleri doldurmak üçin 10 aý sarp etdiler.Indi ogly jogaplaryň dogrudygyny barlamaly bolar diýip degişýärler.
Halkara garrylar güni bellener.Rim papasy Fransisk garrylaryň halkara gününi döretmek kararyny mälim etdi.Katolik buthanasy bu güni iýul aýynyň dördünji ýekşenbesinde bellär.Garrylar köplenç ýatdan çykarylýar, köklerimizi we gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere geçirýän baýlygymyzy unudýarys.
Garrylyk peşgeş, şonuň üçin Halkara garrylar gününi döretmegi makul bildim diýip, Fransisk aýtdy.Ol bu günde agtyklaryň mamalary we babalary bilen duşuşmagynyň möhümdigini belläp geçdi.
The post Dünýä habarlary gysga setirlerde appeared first on Zaman Türkmenistan.