Dünýä edebiýatynyň görnükli ýazyjysy

Onuň “Ýalňyzlygyň ýüz ýyly”, “Polkownige hat ýazýan ýok”, “Mergi döwründäki söýgi” we beýleki eserleri iň meşhur kolumb ýazyjysy hökmünde adyny dünýä ýaýýar hem-de bütin adamzadyň hökman okamaly kitaplary hökmünde ykrar etdirýär. Ýazyjy, žurnalist, syýasy işgär, abraýly edebiýat baýraklarynyň eýesi Gabriel Garsia Markes 1927-nji ýylyň 6-njy martynda Kolumbiýanyň Arakataka şäherinde dünýä inýär.Markes çagalyk ýyllaryndan döredijilik bilen gyzyklanyp ugraýar.

Ol köp sanly rowaýatlary bilipdir, diliň täsin aýratynlyklary bilen gyzyklanypdyr. Çagalyk ýyllaryny mamasynyň we babasynyň ýanynda geçirmegi onuň ýazyjy hökmünde öňe çykmagynda aýratyn ähmiýeti bolupdyr. Şeýle hem onuň döredijiligine Hemingueýiň, Kafkanyň we Folkneriň kitaplary çynlakaý täsirini ýetirýär.Markesiň talyplyk ýyllary Bogotynyň Milli uniwersitetinde geçýär.

Ol bu ýerde hukuk bölüminde okaýar, ýöne ol özüni žurnalistika bagyşlamak maksady bilen okuwyny dowam etdirmeýär.Ol Ýewropanyň köp ýurtlaryna uzak wagtlap syýahat edýär, soňra Wenesuela, ondan soňra hem Meksika gidýär.Ýazyjynyň ilkinji powesti “Polkownige hat ýazýan ýok” ady bilen 1961-nji ýylda çapdan çykýar.

Markesiň beýleki eserlerinde hem bolşy ýaly, munda hem ýalňyzlyk meselesi orta atylýar. Şeýle hem powestde adamyň kynçylyklara garşy durşy hem-de adalatyň dabaralanmagy ýaly mowzuklar ör boýuna galýar.Soňra ol hekaýalar ýygyndysyny, birnäçe romanlaryny neşir etdirýär hem-de özüniň iň esasy romanlarynyň biri “Ýalňyzlygyň ýüz ýyly” atly eserini ýazmaga girişýär.18 aýyň dowamynda döredilen kitap Markesiň zähmetiniň netijesi bolup, dünýäniň 35 diline terjime edilýär we ýazyjynyň adyny dünýäde ykrar etdirýär.

Kitapda toslama bilen hakykat biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär, şoňa görä-de tankytçylaryň we edebiýaty öwrenijileriň arasynda bu ugur jadyly realizm hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle tär diňe bir Markesiň döredijiliginde däl, eýsem, beýleki latyn amerikan awtorlarynyň döredijiliginde-de mahsusdyr. “Ýalňyzlygyň ýüz ýyly” okyjylar hem-de tankytçylar tarapyndan häzirki zaman edebiýatynyň nusgawy eseri hökmünde biragyzdan ykrar edilip, latyn amerikan edebiýatynda täzeçe çemeleşmäniň başlangyjy hökmünde hemmeleriň göwnünden turýar.Markes “Patriarhyň güýzi”, “Yglan edilen ölümiň hronikasy” ýaly okyjylar köpçüligi tarapyndan goldaw tapan eserleriň hem awtorydyr. Ýazyjy 1982-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar.

Onuň eserleri bütin dünýäde neşir edilmegini dowam etdirýär, onuň köp sanly eserleri bolsa, ekranlaşdyryldy.Dünýä edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy 2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedowa Patriarh Kirillden gutlag haty geldi
Patriah Kril Türkmenistandaky RPY-nyň kynçylyklary barada gürrüň berdi
08.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Türkmen-italýan hyzmatdaşlygy täze döwre gadam basdy
Erdogan Azlykdaky Jemagatlaryň Wekillerine Agzaçar Berdi
Prezident Erdogan, Gresiýanyň Premýer-Ministri Miçotakisi Kabul Etdi