Dünýä dilleri institutyna tölegli okuwa kabul edilen ýaşlardan goşmaça pul toplanýar

Dünýä dilleri institutyna tölegli okuwa kabul edilen ýaşlardan goşmaça pul toplanýar

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hojalyk hasaplaşygyna geçilen fakultetlerine täze möwsümde okuwa kabul edilen talyplardan okuw töleglerini 1-nji sentýabra çenli doly geçirmeklik talap edilýär. Şeýle-de, egin-eşiklere, şol sanda milli tahýalara, sport formalaryna we aýakgaplara niýetläp, her bir täze talypdan 3 müň 200 manat möçberinde goşmaça pul serişdeleri toplanýar.

“Dünýä dilleri institutyna şu ýyl okuwa kabul edilen ýaşlardan okuw töleglerini 1-nji sentýabra çenli doly geçirip, töleg kwitansiýasyny hojalyk işleri boýunça ýokary okuw resmisiniň kätibine bermeklik tabşyryldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Bu barada institutyň ýygnaklar zalynda häzire çenli okuwa kabul edilen talyplar bilen ýörite ýygnak geçirilip, degişli bildirişler mälim edildi.

Okuw töleginden daşary her bir täze talypdan 3 müň 200 manat möçberinde alynýan pul serişdeleri, ýokary okuw resmilerine görä, talyplaryň ählisiniň milli egin-eşikleriniň birmeňzeş bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Okuwyň tölegli görnüşine kabul edilen aşgabatly ýaşlaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde egin-eşikler, milli tahýalar we beýlekiler üçin soralýan goşmaça pul serişdeleriniň öz maşgala býujetlerine agram salmaýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, goşmaça töleglere şikaýat bildirilmeginiň öňi alynýar.

“Käbir talyplaryň resmi bolmadyk, goşmaça töleglere garşylyk bildirmeginiň öňüni alýarlar” diýip, ýygnakdan habarly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýokary okuw jaýynyň guramaçylyk işleri boýunça resmisiniň täze talyplara düşündirmegine görä, maşynda keşde çekilip ýasalan tahýalaryň satyn alynmagyna rugsat berilmeýär, milli tahýalaryň elde ýasalan görnüşiniň satyn alynjakdygy aýdylýar.

Ýokary okuw resmisi ähli tahýalaryň bir ýerden satyn alynjakdygyny duýduryp, satyn alyş işini ýokary okuw jaýynyň guramalaşdyrjakdygyny aýdýar.

“Talyplaryň köpüsi heniz okuw başlamanka özlerinden pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagyna geň galyp, entek okuw başlasa dagy nähili bolarka diýip, bir-birege sorag berýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Döwlet ýokary okuw jaýlarynyň tölegli görnüşe, hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi Türkmenistan üçin belli bir derejede täzelik bolup durýar.Bu tagallalar soňky üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda batlandy.Türkmenistanda soňky ýyllarda birnäçe ýokary okuw jaýy hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.

Türkmen mediasyna görä, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem hojalyk hasaplaşygyna geçilen ýokary okuw jaýlarynyň hataryndadyr.

Şeýle-de, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralaryny hem soňky üç ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçirmeklik meýilleşdirilipdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky ýyllarda beýleki ýokary okuw jaýlarynyň hem dürli fakultetleriniň tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçirilendigini habar berýär.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary okuwa kabul ediş möwsümi şu ýyl 15-nji iýul 26-njy awgust aralygynda geçirilýär.

Dünýä dilleri institutynyň web sahypasyna görä, bu ýokary okuw jaýyna giriş synaglary heniz hem dowam edýär. Maglumatda giriş synaglarynyň 31-nji iýul-21-nji awgust aralygynda geçirilýändigi aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýurt boýunça 15 müň 926 raýat ýurduň ýokary okuw jaýlaryna talyplyga kabul edilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna kölege salýan korrupsiýa hadysalary, şol sanda talyplary okuwa kabul etmekde para alnyp berilmegi ýaly hadysalar barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Matematiki modelirlemek dersinden bäsleşik geçirildi
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ
20-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy