Dünýä çempionatynda ildeşimiziň üstünligi

Okeaniýa yklymynda ýerleşýän Fiji döwletiniň paýtagty Suwada dowam edýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda ildeşimiz Maksat Meredow bürünç medala mynasyp boldy.Ol 73 kilogram agram derejesinde silterläp götermekde 139, itekläp götermekde bolsa 173, umumylykda 312 kilogramy ýokary galdyrdy.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň birinji ýyl talyby Maksat Meredowyň görkezen umumy netijesi 3-nji orna mynasyp boldy.Aýratynlykda 2 ugurda-da 4-nji ýeri eýelän ýaş pälwanymyz bürünç medaly eýelemegi başardy.

Bu agram derejesinde altyn medaly amerikaly Kammings J.Klarens (337 kg), kümüş medaly bolsa, moldowaly Robi Martin (320 kg) eýeledi.64 kilogramda çykyş eden ildeşimiz Polina Gurýewa umumylykda 209 kilogram görkeziji bilen 4-nji orna mynasyp boldy.64 döwletden 250-ä golaý türgeniň gatnaşýan çempionatynda häzirlikçe medallaryň sanawynda hytaýly türgenler öňdeligi saklaýar.

Olar umumylykda 4 altyn medal bilen 1-nji hatarda barýarlar. Çempionat şu gün tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Birleşdiriji sport: Olimpiada Merkezi Aziýa halklarynda hoşniýetli goňşuçylyk ruhuny oýardy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Rus Goşunlary Kiýewden we Çernygewden Çekilmäge Dowam Edýär
Britaniýa Lawrowuň Öweý Gyzy Bilen 65 Rus Işewürine we Firmasyna Sanksiýa Goýdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
BAE-de klublaýyn dünýä çempionaty başlandy