Dünýä çempionaty tamamlandy

Beýik Britaniýanyň Birmingem şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda medallaryň sanawynda amerikaly türgenler öňe saýlandy. 14-nji mart aralygynda “Arena Birmingemde” geçirilen 17-nji Dünýä çempionatyna 144 ýurtdan 630-dan gowrak türgen gatnaşdy.

Olar ýeňil atletikanyň 13 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler.ABŞ-ly ýeňil atletikaçylar 6 altyn, 10 kümüş, 2 bürünç medal gazandylar.Efiopiýa 4 altyn, 1 kümüş bilen 2-nji, 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç gazanan Polşa 3-nji, ýer eýeleri-de 2 altyn, 1 kümüş hem-de 4 bürünç medal toplap, 4-nji orny eýeledi. Ýaryşda 1 dünýä rekordy, 5 sany-da çempionatyň rekordy goýuldy. Şeýle-de 2 yklym, 3 sany-da milli rekord täzelendi.60 metr ylgawda erkekleriň arasynda amerikaly Kristian Koleman çempionatyň rekordyny goýup (6,37 sekunt), altyn medala mynasyp boldy.

Toparlaýyn 4×400 metr bäsleşiginde-de polýaklar dünýä rekordy görkezijisi bilen altyn medala mynasyp boldular (3 minut 01,77 sekunt).Syrykly bökmekde fransiýaly meşhur türgen Renaud Lawilýen 3-nji altyn medalyny gazandy.

Gülle zyňmakda Täze zelandiýaly Tomas Walş çempionatyň hem-de yklymynyň rekordy bilen (22,31 metr) altyn medalyň eýesi boldy.Zenanlardan 1500 we 3000 metr ylgawlarda efiopiýaly meşhur türgen Genzebe Dibaba ýeňiş gazandy. 27 ýaşly Dibaba ozalky 3 altynynyň üstüne ýene-de 2-sini goşmagy başardy.

Päsgelçilikli 60 metre ylgamakda amerikaly Kendra Harrison çempionatyň rekordy bilen ýeňiş gazandy (7,70 sekunt).Syrykly bökmekde 4,95 metre böküp, çempionatyň rekordyny täzelän amerikaly Sendi Morris altyn medaly eýeledi.

Bu ugurda russiýaly Anželika Sidorowa 2-nji, Olimpiýa çempiony gresiýaly Katerina Stefanidi 3-nji orna mynasyp boldy.Uzynlygyna bökmekde serbiýaly Iwana Şpanowiçe taý tapylmady. Üçürdikläp bökmekde-de kolumbiýaly Ýulimar Rohas bassyr 2-nji altyn medalyny boýnuna dakdy.

Gülle zyňmakda wengriýaly Anita Marton milli rekord dereje bilen altyn medala mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

“Aston Willa” belgiýaly ýaş oýunçy üçin 50 million funt sterling tölär
Garri Potter baradaky filmiň prokata çykan güni baýram ediler
Ýewropanyň köp ilatly şäherleri
Türkmenistan awiakompaniýasy ýolagçylary ýükleri babatda wagtlaýyn bölekleýin konsepsiýa geçdi
Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly bolup çykdy
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär