Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi

Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda Futbol boýunça 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa yklymy boýunça nobatdaky saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Üçünji saýlama tapgyrynyň duşşyklary şu ýylyň sentýabr aýynda başlap, geljek ýylyň mart aýyna çenli iki aýlawdan ybarat ýaryş görnüşinde geçiriler.Her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndylar 2022-nji ýylda Katarda biziň yklymymyza wekilçilik etmäge hukuk gazanar. Şol sanda toparçalarda üçünji orunlary eýelän iki ýygyndy öz aralarynda duşuşyklaryň ikisini geçirer we şol duşuşyklaryň ýeňijisi dünýä çempionatynda Aziýa yklymyna wekilçilik etmek üçin KONKAKAF-yň saýlama ýaryşlarynda dördünji orny eýelän ýygyndy bilen duşuşar.

Dünýä çempionatynyň geljek ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Bije çekilişigiň netijeleri:

A toparça: Eýran, Koreýa Respublikasy, BAE, Yrak, Siriýa, Liwan.

B toparça: Ýaponiýa, Awstraliýa, Saud Arabystany, Hytaý, Oman, Wýetnam.

Ýene degişli makalalar

Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi
Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy
Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda
3 yklym çempionat
Meksika 13-nji, ABŞ 12-nji gezek finalda
Meksikanyň nobatdaky üstünligi
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji sentýabr