Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi.
Ildeşimiz birden götermekde ilki 160 kilogramy ýokaryk galdyrmaga meýil bildirip, bu işiň hötdesinden ynamly geldi. Emma türkmen türgeni ikinji synanyşykda 166 kilogramlyk ştangany ýokary galdyran mahalynda onuň elinden sport enjamy sypdy. R.Rejebowyň hut şu agramlyk bilen meýdança üçünji gezekki çykyşy bolsa üstünlige beslendi.
Ýöne wakalaryň mundan beýläkki barşy düýpli ýeňiş gazanmak üçin täze dünýä rekordyny goýmagyň zerurdygyny görkezdi.Bu uly işiň hötdesinden gelmek 172 kilogramlyk agramy ilkinji bolup göteren hytaýly Sýaodžun Liua başartdy.
Müsürli Mohamed Mahmud bolsa onuň ýeten sepgidini ýene-de 1 kilogram artdyrdy. Ýaşlaryň arasynda 168 kilograma barabar dünýä rekordyny goýan ýene bir hytaýly türgen Daýin Li bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmen türgeni itekläp götermekde we jemde hem baýrakly orna düşmek üçin dogumly göreşmegini dowam etdirdi.R.Rejebow meýdança iň soňkylaryň hatarynda çykdy. Şol pursatda görkezijide dünýä rekordyndan 3 kilogram az bolan 203 kilogram ýazylgydy. Ýöne biziň türgenimize üstünlik ýar bolmady, oňa agramlygy bellige aldyrtmak başartmady.
Jemi netije bolsa 197 kilograma barabar boldy.Bürünç medaly almaga bary-ýogy 3 kilogram ýetmedi.
Sportuň bu görnüşinde ýene-de ýaşlaryň arasynda 204 kilogram agramlykda dünýä rekordyny goýan Daýin Li ýeňiji boldy. Ikinji orna onuň ildeşi Sýaodžun Liu düşdi. Bürünç medal bolsa Mohamed Mahmuda miýesser etdi.
Iki görnüşiň jemi boýunça 374 kilograma barabar bolan täze dünýä rekordyny goýan Sýaodžun Liu çempion boldy. Kümüş medaly müsürli türgen aldy, üçünji baýraga bolsa ýaşlaryň arasynda 372 kilogramlyk dünýä rekordyny goýan Daýin Li mynasyp boldy. Türkmenistanly Rejepbaý Rejebow bolsa dördünji orny eýeledi.
Zenanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agramlyk derejesinde ýeňiji bolanlar hem kesgitlenildi. Häzire çenli çempionatda öňdeligi elden bermän gelýän aziýaly zenanlar bilen Rumyniýadan gelen Loredana-Ýelena Toma güýçli bäsleşip ugrady. Ýöne oňa 112 kilograma barabar bolan rekord agramyň hötdesinden gelmek başartmady. Şeýlelikde, çempion ady hytaýly Weý Denge miýesser ýetdi. Bürünç medaly bolsa Gazagystandan gelen türgen Karina Goriçewa aldy.
Itekläp götermekde hytaýly türgen zenana taý tapylmady.Ol ilkinji synanyşykda 135 kilogramy galdyryp bildi, munuň özi bolsa oňa jemde dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi.Soňra ol ýeten sepgidini ýene-de 3 kilogram artdyryp, sportuň bu görnüşinde we iki görnüşiň jeminde utdy. Üçünji synanyşyk hem şowly tamamlandy. Şeýlelikde, Weý Dengiň hasabyna üç altyn medal we dünýä rekordlarynyň üçüsi girdi (itekläp götermek — 140 kilogram, jem 252).
Tailanddan gelen Ratanawan Wamalun itekläp götermekde ikinji maşklaryň jeminde bolsa üçünji orny eýeledi. Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan gelen Un Sim Rim bolsa itekläp götermekde bürünç we jemde kümüş medallara mynasyp boldy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabynda, ozalkysy ýaly, iki kümüş we bir bürünç medal bar.
Hytaýdan gelen türgenleriň üstünlikli çykyşlary olara Tailandyň toparyny ozup geçip, umumy toparlaýyn hasapda iň öňden barmaga mümkinçilik berdi.
6-njy noýabrda zenanlaryň arasynda 71 kilograma we erkekleriň arasynda 89 kilograma çenli agramlyk derejesinde ýeňijiler kesgitleniler.