Futbol boýunça Dünýä Kubogy ýaryşynda 1962-nji ýyldan bäri her çempionat üçin resmi sena ýa-da aýdym döredilip gelinýär.Käbir ýyllarda ol diňe sena görnüşinde bolan bolsa, aglaba aýdym görnüşinde janköýerleriň dykgatyna ýetirildi.
Aýratynam, soňky ýyllarda FIFA Dünýä Kubogynyň resmi aýdymlarynyň abraýy ýokarlanýar. 1990-njy ýylda Italiýada geçirilen çempionatda “Un’estate italiana (To Be Number One)” atly aýdym italýan hem-de iňlis dillerinde ýaňlanypdy. 1998-nji ýylda Puerto rikoly aýdymçy Riki Martin tarapyndan ýerine ýetirilen “La Copa de la Vida (The Cup of Life)” atly aýdym belki-de Dünýä çempionatlarynyň resmi aýdymlarynyň arasyndaky iň meşhury bolsa gerek.
Bu aýdymdan soň, Dünýä çempionatlarynyň resmi aýdymlarynyň mertebesi hasam belende galdy.2010-njy ýylda Günorta Afrikada geçirilen çempionat üçin kolumbiýaly meşhur aýdymçy Şakiranyň aýdan “Waka Waka” aýdymynyň özi-de, onuň wideoşekilleri-de köpüň söýgüsini gazanypdy.
Umuman alnanda, Riki Martiniň “La Copa de la Vida (The Cup of Life)” hem-de Şakiranyň “Waka Waka” aýdymlary Dünýä çempionatlarynyň resmi aýdymlarynyň arasyndaky iň meşhurlary bolup, olar häli-şindi millionlarça adam tarapyndan yzygiderli diňlenilýär.
Braziliýada geçirilen çempionat üçin “We Are One (Ole Ola)” atly aýdymy Pitbull, Jennifer Lopez hem-de Klaudia Leitte ýerine ýetiripdi.Bu ýylky çempionatyň aýdymy-da 25-nji maýda ilkinji gezek eşitdirildi. “Live It Up” atly iňlis we ispan dillerindäki bu hereketli aýdymy Puerto rikoly aýdymçy Niki Jem, amerikaly aktýor hem aýdymçy Will Smit, şeýle-de kosowoly aýdymçy zenan Era Istrefi bilelikde ýerine ýetirýär.
Bilermenlerden ýokary baha alan aýdymyň braziliýaly meşhur ýyldyz Ronaldinionyň gatnaşmagynda taýýarlanan şekilli görnüşi-de 8-nji iýunda muşdaklaryň dykgatyna ýetirildi.