Dünýä çempionatlarynyň futbol toplary

“Häzirki döwrüň futbolçylary biziň döwrümizdäki toplar bilen oýnasalar, onda olar gaty kösençlik çekerdiler.” Hawa, bu sözler futbolyň şasy Peläniň topuň şu günki günde juda kämil derejelere ýetendigini beýan etmek üçin sarp eden setirleridir.

Eýsem, futbolçylar Dünýä çempionatlarynda FIFA-nyň düzgünlerine laýyklykda 220245 gram agramda bolmaly diýlip kesgitlenilen nähili futbol toplarynda oýnapdyr.Megerem, şu barada käbir zatlary bilmek gyzykly bolsa gerek.

“T-Model” topy “Tiento”-dan ökde çykýarMundan 88 ýyl ozal, Urugwaýda geçirilen futbol boýunça ilkinji Dünýä Kubogynyň duşuşyklarynda dürli toplar ulanylýar.Has takygy, şu ýa-da bu top bolsun diýen çäklendirme ýok ekeni.

Urugwaý 1930 Dünýä Kubogy bilen baglanyşykly esasy ýatlamalaryň biri-de finalda ulanylan toplardyr. Ýagny Urugwaý bilen Argentinanyň arasyndaky finalyň 1-nji ýarymy argentinleriň getiren topy bilen oýnalan bolsa, 2-nji ýarymda urugwaýlylaryň topy ulanylýar.

Argentinler “Tiento” atly pökgüsi bilen 21 öňe saýlanýar.Netijede, ýer eýeleri 2-nji ýarymda özleriniň “T-model” topy bilen 3 gol geçirip (42), ilkinji kubogy eýeleýärler.“Federale 102” .

Italiýa 1934 2-nji Dünýä Kubogynda ýerli ECAS atly şereket tarapyndan öndürilen “Federale 102” toplary ulanylýar.“Allen”. 1938-nji ýylda Fransiýada geçirilen çempionatyň toplary “Allen” diýlip atlandyrylýar we olar Parižde öndürilýär.

Deriden edilen we 13 panelden ybarat bu toplaryň ýel berilýän ýerine öňki pökgülerde bolşy ýaly, pagtadan öndürilen bagjyklar ýerleşdirilipdir.“Duplo T”. 2-nji Jahan urşy sebäpli galdyrylan 2 ýaryşdan soň, çempionat 1950-nji ýylda Braziliýada geçirilýär. “Superball” şereketiniň önümi “Duplo T” toplarynyň ulanylan çempionaty ýer eýeleri üçin juda gynançly tamamlanýar. “Duplo T” toplarynyň iň esasy aýratynlygy-da bagjyksyz bolmagydyr.

Bu toplar Dünýä çempionatlarynda ujy iňňeli nasoslar bilen ýel berilýän ilkinji pökgüler bolýar.“Swiss World Champion”. Şweýsariýa 1954-de ilkinji 18 panelli pökgüler ulanylýar.Bazeldäki “Kost Sport” kompaniýasynyň önümi bolan bu toplara “Swiss World Champion” diýlip at goýulýar.“Top Star” . Şwesiýa 1958 Dünýä Kubogyny resmi futbol topy 102 sany top görnüşiniň arasyndan saýlanyp alynýar.

FIFA-nyň 4 wekili tarapyndan Dünýä Kubogynyň topy hökmünde ýurduň Engelholm şäherindäki deri önümlerini öndürýän “Sydsvenska Läder och Remfabriken” fabriginiň “Top Star” atly sary reňkdäki pökgisi saýlanýar.“Crack”. 1962-nji ýyldaky çempionatyň toplary “Crack” diýlip atlandyrylýar. Çilili işewür Zamora H.-niň fabriginda öndürilen bu toplar çempionatyň açylyş duşuşygynda angliýaly emin Ken Astonyň göwnüne ýaramaýar.

Ol 2-nji ýarymda mundan öňki çempionatyň topy bilen duşuşygy tamamlaýar.Umuman, çempionatyň dowamynda başga toplar hem oýnalýar. “Crack” topy aýratynam ýewropalylaryň göwnünden turmaýar.“Challenger 4-Star”.

Futbolyň watany Angliýada geçirilen çempionatda sport esbaplarydyr enjamlaryny öndürýän meşhur britan şereketi “Slazenger”-iň “Challenger 4-Star” atly toplary ulanylýar. 18 panelli sary ýa-da narynç reňkdäki toplar netijede ýer eýelerine-de şowlulyk getirýär.

“ADIDAS”-yň DÖWRI BAŞLANÝAR“Telstar”. 1970-nji ýyldaky Dünýä çempionaty top babatda uly özgerişlige eýe bolýar.Mundan soň, Dünýä çempionatlarynda diňe “Adidas” şereketiniň toplary ulanylyp başlanýar.

Aslynda, “Adidas”-yň toplary 2 ýyl ozalky Ýewropa çempionatynda-da ulanylýar we şol bäsleşik nemes kompaniýasynyň toplarynyň ulanylmagynyň başlangyjy bolýar. Şeýlelikde, ilki UEFA, soňra FIFA üçin top bilen baglanyşykly mesele ymykly çözülýär. 1970-nji ýylda “Adidas”-yň “Telstar” toplary oýnalýar.

Adaty toplary ýadyňa salýan “Telstar” 32 panelli ilkinji pökgüler bolup, ol ak-gara reňkde bolýar. Şereket bu çempionat üçin 20 sany top öndürýär.“Telstar Durlast”.Germaniýa 1974-däki top “Telstar Durlast” bolup, “Adidas”-yň bu önümi poliuretandan taýýarlanan ilkinji futbol topudyr.

Suw geçirmeýän bu top aňsat-aňsat ýyrtylmaýar.“Tango” we “Tango Espaňa”.Argentina 1978-de “Tango”, Ispaniýa 1982-de “Tango Espaňa” toplary ulanylýar.Iki top hem birmeňzeş bolup, “Tango Espaňa” pökgüsi “Tango” garanyňda, käbir babatda azda-kände kämilleşdirilendir. “Tango Espaňa” Dünýä çempionatlaryndaky deriden edilen iň soňky top bolýar.“Azteca”.

Meksika 1986-da ilkinji gezek sintetik toplar ulanylýar.Tutuşlygyna sintetik hem-de elde tikilen bu “Azteca” atly toplar astekalylaryň medeniýetini, taryhyny aňladýan şekiller bilen bezelendir.“Etrusco Unico”.

Italiýa — 1990-da “Azteca”-nyň kämilleşdirilen görnüşi ulanylýar.Adyny we bezegini Italiýanyň medeniýetinden, taryhyndan alýan “Etrusco Unico” topy nemeslere ýeňiş getirýär.“Questra”. “Ýyldyzlar üçin başdan geçirme” diýen manyny aňladýan “Questra” atly pökgi ABŞ 1994-iň resmi topy bolýar.“Tricolore”.

Fransiýa 1998-iň resmi topy 1978-nji ýyldaky “Tango” topunyň nusgawy bezegi bilen meňzeşdir. “Adidas” Dünýä çempionatlarynda iň soňky sapar şol nusgawy bezegini ulanýar. “Tricolore” atly bu pökgi Dünýä çempionatlarynda ulanylan ilkinji köp reňkli topdur.

Ol reňkini Fransiýanyň baýdagyndan alýar.Fransuz dilinde “üç reňk” diýen manyny aňladýan “Tricolore” pökgüleri “Adidas”yň Ýewropanyň daşynda, öndüren ilkinji topy bolup, ol Marokko we Indoneziýada taýýarlanýar.“Fevernova”.

Ilkinji gezek 2 ýurduň bilelikde guran Dünýä çempionaty bolan Ýaponiýa we Günorta Koreýa 2002-de “Fevernova” atly toplar ulanylýar.Ilkinji gezek adaty “Tango” toplarynyň nusgawy şekillerine meňzedilmän taýýarlanan bu pökgüler kubogyň reňkini ýatladýan altynsow reňkde hem-de üçburçly bezegdedir. Çempionaty guraýjy ýurtlaryň medeniýetinden ylham alnyp taýýarlanan “Fevernova” azda-kände şemala hem garşy durup bilýär. Şeýle-de derwezeçilere kynçylyk döredýän bu topuň tizligi öňkülere garanyňda, 15 göterim ýokarydyr.“Teamgeist”. 2006-njy ýylda çempionat Germaniýada geçirilip, duşuşyklarda “topar ruhy” diýen manyny aňladýan “Teamgeist” toplary ulanylýar.

Tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen toplardaky paneller hem azalýar. “Teamgeist” 8 panelli bolup, toplaryň ýüzüne geçiriljek duşuşygyň, stadionyň atlary hem ýazylýar.Final duşuşygyna niýetlenilip, şol bir toplar altynsow reňkde “Teamgeist Berlin” ady bilen çykarylýar we bu däp soňky çempionatlar üçinem ýoň bolup galýar.“Jabulani”.

Dünýä çempionaty 2010-njy ýylda ilkinji gezek Afrikada geçirilýär.Günorta Afrikanyň myhmansöýerliginde geçirilen çempionatda “Jabulani” atly 8 panelli toplar ulanylýar.Tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen etilenwinilasetat hem-de termoplastik poliuretandan taýýarlanan toplar “Adidasyň” Hytaýdyr Hindistandaky fabriklerinde öndürilýär.

Wuwuzelalar bilen ýatda galan çempionatyň finaly-da altynsow reňkdäki “Jo’bulani” topy bilen oýnalýar.“Brazuca”. 2014-nji ýylda Dünýä Kubogy Braziliýada geçirilýär. 64 ýyldan soň, bu çäräni özlerinde 2-nji gezek guraýan Braziliýadaky çempionatda “Brazuca” toplary duşuşyklaryň bezegine öwrülýär.

Ady ses berlişik esasda janköýerler tarapyndan goýulýar we ol janköýerleriň at goýan ilkinji FIFA Dünýä Kubogy resmi topy bolýar.Toplar Pakistanyň Sialkot şäherinde öndürilýär. “Braziliýalylara mahsus” diýen manyny aňladýan “Brazuca” 6 panelli bolup, ol hem beýleki resmi toplar ýaly, poliuretandan tikilýär.

Elbetde, bu çempionat hem edil 1950-nji ýyldaky ýaly braziller üçin juda pajygaly ýagdaýda tamamlanýar.“Telstar 18”. Ýene-de 33 günden başlanjak Russiýa 2018 üçin “Adidas” kompaniýasy “Telstar 18” atly topy taýýarlady. Şereketiň Dünýä çempionatlaryndaky ilkinji topunyň (1970, “Telstar”) konsepsiýasyndan ugur alnyp öndürilen bu top 6 panellidir.

Ol Pakistanyň Sialkot şäherinde öndürilýär. “Telstar” sözi “television” we “star”, ýagny telewizor hem-de ýyldyz diýen sözlerden emele gelendir.

Ýene degişli makalalar

44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Futbol topunyň taryhyndan
Aşgabatda Güýzüň keşbi atly konsert geçirildi
Tanzaniýada gaýyk pajygasy başdan geçirildi