Dünýä belli hindi işewüri aradan çykdy

Dünýä belli hindistanly işewür Ratan Tatanyň 86 ýaşynda aradan çykandygy mälim edildi.Dürli ugurlarda, esasan hem, awtoulag senagatynda iş alyp baran Tata her ýylda 100 milliarddan gowrak girdejisi bolan “Tata Group” toparyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Haýyr-sahawata hem serişde gönükdirmegi bilen tanalýan Tata kiçi göwrümli, arzan bahaly awtoulag öndürmegi bilen meşhurlyk gazanypdy.Onuň ýolbaşçylyk edýän holdingi iňlis-niderland polat öndürijisi “Corus” kompaniýasyny, Angliýanyň “Jaguar” hem-de “Land Rover” awtoulag öndüriji kompaniýalaryny, şeýle hem “Tetley” çaý öndüriji kompaniýany satyn alypdy.

Ýolbaşçylyk eden topary onuň maşgala adyny göterýän hem bolsa, Ratan Tata şol toparyň paýnamalarynyň 1 göteriminden hem azyna eýeçilik edýärdi. Ratan Tata 2012-nji ýylda “Tata Group”-yň başlyklygyndan pensiýa çykýar we toparyň holding kompaniýasy bolan “Tata Sons”-yň hormatly başlygy hökmünde bellenýär.

Rata Tata 1937-nji ýylda Hindistanyň Mumbaý şäherinde dünýä inýär. ABŞ-nyň Kornell uniwersitetinde binagärlik we inženerçilik ugurlaryndan ýokary bilim alýar.

Soňra bolsa dürli senagat önümlerini öndürýän kompaniýalarda we zawodlarda işleýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
2023: Ilatyň iş, durmuş goraglylygy ýene bir ýyl gowulaşmady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitaby çapan çykdy, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny iberdi, Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Sankt-Peterburga bardy we beýleki habarlar
Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryň gün tertibini giňelder, repçi Emin Rasen Aşgabatda konsert berdi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, häzire çenli jemi 260 operasiýa geçirildi
Türkmenistan Palestina Ynsanperwer Kömegini Ugratdy