Dünýä bazarynda islegli

Dünýä bazarynda islegli

Öz işini Farap etrabynyň çäginde ýola goýan Rysgally gap hususy kärhanasynda her aýda 300 müňe çenli polietilen halta öndürilýär. Bu işde Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly enjamlaryň 6-syndan peýdalanylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu hususy kärhananyň esaslandyrylanyna öňümizdäki tomusda iki ýyl bolýar. Häzirki önümçilige bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda girişildi. Tejribesi ýaňy bir ýyldan geçendigine garamazdan, eýýäm dünýä döwletleriniň ençemesinden bu hususy kärhananyň öndüren polietilen haltalaryna isleg ýokary.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Rysgally gap hususy kärhanasyna başarjaň işewür Bahadur Durdyýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň gürrüň berşi ýaly, bu önümçiligiň gyzykly we hemmeleri maksada okgunlylyga ruhlandyrýan geçmişi bar.

Esasy çig malyň — polipropileniň öz ýurdumyzda öndürilýändigi önümçiligiň güýçli depginde alnyp barylmagyna şert döredýär. Russiýa Federasiýasy, Gazagystan ýaly döwletlerden gelýän sargytlaryň bolsa yzy üzülenok. Şeýle polietilen haltalarynyň 70 göterimi dünýä bazaryna çykarylýar. Bu ýerde bolanymyzda, ýokary hilli we dürli ölçegdäki haltalara ýene-de käbir döwletlerden gyzyklanmalaryň bardygyny gürrüň berdiler.

Hususy kärhana ýerli ýaşlaryň 25-e ýakynyny iş bilen üpjün edipdir. Bu ýere täze alynýan işgärlere ýörite okuwlar geçirilýär. Bir hepdeden 10 güne çenli çekýän şol okuwlarda täze işgärlere döwrebap enjamlar bilen işlemek boýunça tälim berilýär. Bu bolsa olaryň önümçilige dessine uýgunlaşyp gitmegine getirýär.

Ýakyn geljekde işgärleriň sany has-da köpeler. Çünki bu ýerde öndüriji enjamlaryň sany 15-e çenli ýetiriler. Munuň özi önümçiligiň iki essä çenli artmagyna şert döreder. Hususy kärhananyň ýolbaşçysynyň gürrüň berşi ýaly, häzir täze enjamlar getirildi we ýerli-ýerine goýuldy. Olar ýakyn günlerde işledilip başlanar.

Türkmen hususyýetçileri şeýle döwrebap önümçilikleri ýola goýmaga we ýurdumyzda öndürilen önümleri jahanyň çar künjüne eksport etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28659

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy
Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň başlygyny wezipesinden boşatdy
27.01.2021 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Aşgabatda "Sanly çözgüt - 2020" bäsleşiginiň jemi jemlendi