Dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary

Dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Gyş aýlarynyň golaýlap gelmegi bilen sowuklama döwri hem başlaýar. Sowuk howalarda we pasyllaryň çalyşýan günlerinde özümizi grippden goramak möhümdir.

Gyş aýlaryny grippsiz geçirmek üçin ilki bilen immunitet ulgamymyz güýçli bolmaly. J we E witamini taýdan baý gök hem-de miwe önümleri sarp edilmeli. Şonuň ýany bilen bokurdak we angina ýokançlarynyň öňüni almak üçin goraýyjy tebigy ösümlik şypalaryndan peýdalanmak maslahat berilýär.

Gerek bolan önümler:

Soganyň goňur gabyklaryny artyp, 2 käse suwuň içine salmaly, agzyny ýapyp 5-6 minut gaýnatmaly. Soň sowadylyp süzmeli we içmeli.

1 käse suwuň içine 1 nahar çemçesi gyralan ter zenjebil goşup, gaýnatmaly. Zenjebil köp gaýnadylan halatynda tagamy ajaýar. Şol sebäpli gaýnan mahaly aşagyny öçürmeli we 5 minut deme goýmaly. Soň süzüp, bal we limon goşup içmeli.

Gripp çaýy;

Gerek bolan önümler:

Bu çaý taýýarlanýarka adam sanyna görä içindäki önümler artydyrylyp, ýa-da azaldylyp bilner. Ähli önümler çäýnege salynyp, üstüne gaýnan suw guýmaly we demlenýänçä garaşmaly. İçine linon we bal goşup bilersiňiz.

Gerek bolan önümler:

1 çaşka çaý üçin 1,5-2 çaý çemçesi owradylan itburny ulanyp bilersiňiz. Kaýnan suwy käsä guýandan soň 10-15 minut demine goýmaly. Süzülenden soň turşumtyl bolan çaýa bal goşup içmek maslahat berilýär.

Üç sany 50 teňňe ululygyndaky nar gabygy bölejigini gaýnan 1,5 käse hlorsyz suwa salmaly we pesejik otda 5 minut gaýnatmaly, bäşinji minutda 3 baş garabaş ösümligini goşmaly we üç ýene-de üç minut gaýnatmaly. Soň süzüp, sowatmaly.

Sowandan soň günde bir gezek aç garna bir käse içmeli. Bu şypadan bir hepde üznüksiz peýdalanmaly.

Ýene degişli makalalar

Dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary
Ýaponiýada Guş Dümewiniň Bardygy Anyklandy
Türkmenistan bag ekmek dabarasyny sowdy. Adamlar sowukda ýadadyk diýýär
Russiýada hem koronowirusa, hem grippe garşy sanjym synag edilýär
Saglygym Baýlygym
Ilkinci Gezek Bir Adama H10N3 Guş Dümewi Diagnozy Goýuldy