Dükanda Merkeliň gapjygyny ogurladylar

Dükanda Merkeliň gapjygyny ogurladylar

Iz.ru saýtynyň Online Focus internet portalyna esaslanyp habar bermegine görä, dükanda söwda edip ýörkä Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkeliň gapjygyny ogurladylar.

Wakanyň Berlin-Mitte etrabyndaky Morseştrasse diýen ýerdäki supermarketde bolandygy aýdylýar, Merkeliň gapjygy şol wagt azyk harytlaryny daşaýan tigirçeginde ýatan eken. Ogurlykdan hatda öňki kansleriň köp sanly gorag gullugy hem bihabar galypdyr.

Angela Merkel Fridrihştrasse diýen ýerdäki 53-nji belgili polisiýa nokadyna baryp, puluny ogurladandygy barada arza ýazypdyr.

Merkel GFR-niň kansleri wezipesini 2005 — 2021-nji ýyllar aralygynda eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi
Lukaşenko Bilen Merkel Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy
Merkel we Lukaşenko Polşa serhedindäki bosgun krizisini ara alyp maslahatlaşdy
Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi