
Dubaýyň emiriniň ogly, 41 ýaşly Hamdan bin Muhammed bin Raşid Al-Maktum Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri hem-de goranmak ministri wezipelerine bellendi diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan rg.ru ýazýar.
Bu barada BAE-niň premýer-ministri we wise-prezidenti, Dubaýyň emiri Muhammed bin Raşid Al-Maktum habar berdi.
Dubaýyň emiri şeýle-de BAE-niň daşary işler ministri Abdalla bin Zaid Al-Nahaýýany ikinji wise-premýer wezipesine çenli ulaltdy.