Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar

Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar

Dubaý ýylda 260 million ýolagça hyzmat etjek dünýäde iň uly aeroport gurmak barada maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada Business Insider neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Emirligiň hökümdary Şeýh Mohammad ben Raşid Al Maktumyň beýanatyna görä, Al Maktoum International Airport atly äpet awiahabyň gurluşygyna öňdäki 10 ýylda 128 milliard dirhem (34,9 mlrd dollar) bölnüp berler. Howa menziliniň ýolagçy münüp-düşýän 400 geýti we bäş uçuş-gonuş zolagy bolar.

Biz täze taslamany geljek nesiller üçin gurýarys, öz çagalarymyz, olaryň çagalary üçin üznüksiz durnukly ösüşi üpjün etmek isleýäris. Dubaý dünýä aeroporty, porty, şäher merkezi we täze ählumumy hab bolar diýlip, Al Maktum belledi.

Taslama laýyklykda, Al Maktoum International meýdany 145 inedördül kilometr, ilaty 1 million adam we 500 müň iş orny bolan täze Dubai South şäheriniň merkezi bolar. Onuň çäginde ýaşaýyş mähelleleri, ofisler, söwda we sergi merkezleri gurlar diýlip, habarda bellenýär.

Dubaý täze taslamany durmuşa geçirmek bilen, Ýakyn Gündogarda, tutuş dünýäde öňdebaryjy ulag şahasy hökmündäki ornuny berkitmek isleýär.

Ýene degişli makalalar

BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy
Türkmenhowaýollary agentligi bilen Dubai Aviation Corporation kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde ýangyn döredi
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy