Dubaýda dünýäde ilkinji gezek suwuň ýüzündäki metjit gurlar.Bu barada BAE-niň Yslam we haýyr-sahawat işleri ministrligi habar berdi.Dubaýyň suw kanalynda durmuşa geçiriljek taslamanyň bahasy 55 million dirhem (15 million dollar) bolar.
Täze megataslamanyň maksady syýahatçylyk pudagyny ösdürmek bolup, netijede, emirlik ýurda has köp syýahatçy çekmegi meýilleşdirýär.Metjidiň binasy üç gatly bolup, olaryň biri suwuň aşagynda ýerleşer.Metjide bir wagtda 75 adam sygar. Ýokardaky iki gat yslam leksiýalaryna we seminarlaryna bagyşlanar. Şol bir wagtyň özünde, metjidiň ähli dinleriň wekilleri üçin açyk boljakdygy bellenilýär.
Mundan başga-da, dünýäde ilkinji gezek Dubaýda 3D printerinde metjit gurlar. Desganyň meýdany 2000 inedördül metr bolup, oňa 600 adam ýerleşer. Gurluşygyň geljek aý Bar-Dubaý etrabynda başlap, 2025-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Üç işçi robot printeri işleder. Robot printer çig maldan we beton garyndysyndan her sagatda iki inedördül metr diwary galdyrmaga ukyplydyr.
2016-njy ýylda “Sustainable City” etrabynda dünýäde ilkinji ekologiýa taýdan arassa metjit açyldy. Ol jemi 10 müň inedördül metr meýdany eýeläp, 700 adama niýetlenendir. Metjidiň gurluşygynda Dubaýyň “ýaşyl” strategiýasyna laýyklykda, daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmak maksady bilen innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy. Metjidiň duralgasy Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylandyr.