Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň “Hyatt Regency” myhmanhanasynda 26-27-nji aprelde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy öz işine başlady.

Halkara roud-şouw “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar. “Turkmen Forum” HJ we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bolsa çäräniň gurnalmagynda hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.

Bu foruma 300-den gowrak wekiliýet, şol sanda PETRONAS, “Dragon Oil”, “Siemens Energy”, “Total Energies”, CNPC we ADNOC ýaly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesinde bu halkara forumyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Plenar sessiýada BAE-nyň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, “CNPC Middle East” kompaniýasynyň prezidenti Wan Guýhaý, şeýle hem “Total Energies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Loran Wiwe çykyş eder.

Forumyň birinji gününde Türkmenistanyň energiýa pudagynyň gury ýerdäki maýa goýum mümkinçiliklerine, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň daşky gurşaw taraplaryna, şeýle hem energiýa bazarynyň içerki we sebitleýin ösüşiniň geljegine bagyşlanan üç sany sessiýa geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumynyň umumy mejlisi geçirildi
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forum geçiriler
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy