Dubaýda “Muraba Veil” atly juda insiz gökdiräniň gurluşygy yglan edildi. Bu diňiň ini bary-ýogy 22,5 metr bolar. “Muraba” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, bu taslama bütin dünýäniň maýadarlaryny, şeýle-de syýahatçylary özüne çeker.
Bu özboluşly binagärlik desgasynyň taslamasy bilen Ispaniýanyň meşhur “RCR Arquitectes” kompaniýasy meşgullanýar. Beýikligi 380 metre deň bolan gökdirän 73 gatdan ybarat bolar. Umuman alanyňda, binada 131 kwartira, şeýle hem sagaldyş spa merkezi, restoran, galereýa, padel tennis oýunlary üçin niýetlenen kort we hususy kinoteatr bolar.
Kwartiralaryň bahasy 18 million dirhemden (4,9 million dollar) başlar. Bina Dubaýyň daşyndaky çäge alaňlaryndan seleňläp görner we emirlikdäki köp binalaryň arasynda züniň kaşaňlygy aýratyn tapawutlanar. Her bir rezidensiýa gatyň tutuş inini eýelär. Bu gökdiräniň Dubaýyň Şeýh Zaýed ýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýär.