Dubaýda Jokowiç, Dohada Sabalenko ýeňiş gazandy

BAE-niň iri şäherlerinden Dubaýda geçirilen Dubaý tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy.Ol finalda gresiýaly Stefanos Sisipasy 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňip, bu ýaryşdaky 5-nji sapar çempionlyk kubogyny asmana göterdi.

Dubaýdaky ýaryşda 2009201020112013-nji ýyllarda çempion bolan Jokowiç karýerasy boýunça ATP-niň bäsleşiklerinde 79-njy kubogyny eýeledi.Dohada geçirilen “Katar Açyk” tennis bäsleşiginde zenanlaryň arasynda belarusly Aryna Sabalenko ýeňiji boldy. 21 ýaşly tennisçi ýaryşyň finalynda çehiýaly Petra Kwitowany 2 setde-de 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Bu ýeňiş Sabalenkonyň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 6-njy çempionlygydyr.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi
Federer Leýweriň Kubogynyň oýnunda utulyp, karýerasyny tamamlady
Dünýä ýygyndysy ilkinji gezek tennis boýunça Leýweriň Kubogyny utdy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi