Dubaýda iň gymmat awtoulag belgisi satyldy

Dubaýda iň gymmat awtoulag belgisi satyldy

Dubaýda geçen söwda-satyg çäresinde taryhda iň gymmatbaha awtoulag belgisi satyldy. Ýerli ýaşaýjy P 7 awtoulag belgisini 14,9 million amerikan dollaryna satyn aldy diýip, MIR 24 ýazýar.

Söwdalaşygyň başlangyç nyrhy 4 million dollar diýlip kesgitlendi, belgä Telegram sosial ulgamyny esaslandyryjy Pawel Durow 10 million dollar tölejekdigini mälim etdi. Mundan soňra adyny gizlin galdyrmak islän ýaşaýjylaryň biri belgini 14,9 million dollara satyn aldy.

Söwda-satyg auksiony haýyr-sahawat maksady bilen geçirildi, onuň satuwyndan gelen maliýe serişdesi bütin dünýäde kömege mätäç adamlara paýlanar. Şol gün sanlaryň gyzykly sazlaşygy bolan awtoulag belgileri hem satylyp, 38 müňden 800 müň dollara çenli girdeji gazanyldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýty habar berýär.

Geçen ýyl Dubaýda АА9 nyşanly awtoulag belgisi 10 million dollara satylypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar
Çempionlar Ligasynyň, Ýewropa Ligasynyň finalynyň eminleri belli boldy
Russiýanyň çempionatynda taryhy rekord
“Ýuwentus” çempionatda 8-nji orundan 3-nji orna beýgeldi
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Lýuksemburgy Dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Lýuksemburgy ýeňdi
Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açar, FlyDubai Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrdy, Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadasy açyldy we beýleki habarlar