Dubaýyň Hökümetiniň Adam gorlaryny dolandyrmak edarasy dört günlük iş hepdesini girizmek boýunça synag üçin 15 sany döwlet edarasyny saýlap aldy. Bu edaralaryň işgärleri üçin iş gününiň dowamlylygyny ýedi sagada çenli gysgaltmak isleýärler. Bu barada Emirligiň Hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Synag 12-nji awgustdan 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Bu döwürde başlangyç taslama gatnaşýan edaralaryň işgärleri doly aýlyk alarlar, ýöne edarada ýa-da öýde iş wagtyny bir sagat kemelderler. Bizi çeýe tomsumyz diýip at berlen Hökümet başlangyjy diňe döwlet işgärlerine degişli bolar, oňa hususy pudagyň kompaniýalary gatnaşmaýar.
30-njy sentýabrdan soňra synagyň netijeleri seljeriler, bu dört günlük zähmet hepdesiniň täsirliligini anyklamaga mümkinçilik berer. Edara şeýle-de başlangyjy Dubaýyň hökümetine degişli bolan döwlet edaralarynda giňeltmek boýunça degişli gözükmeleri taýýarlar.