Dubaýda çabgalar sebäpli adatdan daşary ýagdaý döredi

Dubaýda çabgalar sebäpli adatdan daşary ýagdaý döredi

Dubaý Birleşen Arap Emirliklerine düşen güýçli çabga ýagyşlaryndan soňra özüni dürseýär. Jemagat gulluklary ýollary suwdan arassalaýarlar diýip, MIR 24 habar berýär.

Dubaýda çabgalar sebäpli bir günde 10 müňden gowrak adatdan daşary ýagdaý döredi. Suw jaýlaryň ýerzeminlerini we birinji gatlaryny basdy, howlulary gark etdi. Mekdepler we döwlet edaralary uzak aralykdan iş düzgünine geçdi. Howa menzili birnäçe gatnawlary ýatyrdy, uçarlar başga şäherlere ýollandy.

Düýn, ýekşenbede hem ýurtda howplulygyň mämişi derejesi saklandy, suwa düşülýän ýerler ýapyldy, ýollaryňdyr ötükleriň bir böleginde hereket saklandy, köpçülikleýin çäreler gadagan edildi.

Ýene degişli makalalar

3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen wekliýeti WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýar
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Memoriad 2024 bütindünýä zehin sportlary olimpiadasyna gatnaşýan okuwçylar Dubaýa gider
Ählumumy metan borçnamasy boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Ýol kartasy işlenip taýýarlandy
Türkmenistan ata mekan Garaşsyz
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti