Dubaýda 112 million dollara penthaus satyldy

Dubaýda 112 million dollara penthaus satyldy

Dubaýda 112 million amerikan dollaryna penthaus (köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ýokary gatyndaky özbaşyna eýwanly aýratyn öý) satyldy. Bu gozgalmaýan emlägiň satuwy boýunça Emirligiň taryhynda iň gymmat geleşikdir diýip, The National News neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Dokuz sany ýatyş otagly we suwa düşülýän howuzly öýüň meýdany 3,5 müň inedördül metrden gowrak bolup, ol Jumeýra etrabynyň merkezindäki Bulgari Lighthouse ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýär. Öýi satyn alan adamyň kimdigi gizlin saklanýar.

Geçen ýyl Dubaýda gozgalmaýan emlägiň nyrhy güýçli gymmatlady, şol sanda aňrybaş derejedäki ýaşaýyş öýlerine isleg artdy. 2022-nji ýylda ýurtda gozgalmaýan emläge degişli öýleriň 56 milliard dollarlygy satyldy, bu 2021-nji ýyldakydan 81 göterime golaý artykdyr.

Bilermenler 2023-nji ýylda bu görkezijileriň has-da ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

AGG Lighting innowasion magnitli trek yşyklandyryş ulgamlaryny hödürleýär
Apple USB Type-C zarýad berijili iPhone-y synag edýär
Kuweýt Aziýa ýurtlaryna satýan nebitiniň nyrhyny gymmatlatmakçy
Reuters: Kuweýt Aziýa ýurtlary üçin nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy
Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy
Saudi Aramco заявила о планах повысит цены на все сорта нефти для всех регионов