2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Dubaýyň myhmanhanalarynda azyndan bir gününi geçiren daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 4,67 milliona deň boldy.Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% ýokary bolup, şol döwürde 3,97 million adam emirlige baryp gördi we pandemiýadan soň birinji çärýekde iň gowy netije boldy.
Bu barada Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk Departamenti habar berýär.
“2023-nji ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli artmagy Dubaýyň dünýä syýahatçylyk pudagynyň dikelmeginde alyp barýan esasy işleriniň biri hökmünde derejesine şaýatlyk edýär”. Bu barada Dubaýyň mirasdüşer şazadasy we Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Hamdan bin Muhammet bin Raşid Al Maktum mälim etdi.
– Syýahatçylyk pudagy diňe bir ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm sütüni bolman, eýsem, Dubaýyň bazarlar, medeniýetler we sebitler arasynda köpri hökmünde ornuny berkitmekde möhüm rol oýnaýar. Dubaý ýakyn ýyllarda syýahatçylar üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip, ýaşamak, syýahat etmek, işlemek we maýa goýmak üçin dünýäniň iň oňat ýerine öwrülmäge tagalla eder diýip, Hamdan bin Muhammet bin Raşid Al Maktum aýtdy.
BAE-nyň wise-prezidenti we Premýer-ministri we Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammet bin Reşid Al Maktum tarapyndan ýaňy-ýakynda hödürlenen Dubaýyň ykdysady maksatnamasy şäheriň dünýä ykdysadyýetine goşýan goşandyny artdyrmak üçin täze maksatlary öňde goýýar.
Golaýda guralan “Arabian Travel Market” sergisi ýurduň syýahatçylyk pudagynda gazanan netijelerini görkezip, Dubaýy bu ugurda dünýäniň iň çalt ösýän ýeri hökmünde dünýä tanatdy. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Emirlik pandemiýadan öňki syýahatçylarynyň 98%-ine ýetdi. Häzirki wagtda Dubaýyň işewür syýahatçylyk, biznes we dynç alyş pudagyndaky geçirýän çärelerine has köp myhman gelýär.