DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy

DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy

Dubaýda geçen awiaşowhun sargytlaryň sany boýunça pudakdaky öňki rekordy täzeledi diýip, Habar 24 ýazýar. Ýagny çäräniň dowam eden 4 gününiň dowamynda umumy bahasy 360 milliard dirhem ýa-da 100 milliard dollar bolan geleşikler baglaşyldy.

Awiaşowhunda dünýäniň 95 ýurdundan 1400 sany eksponat görkezildi. Ol 1989-njy ýyldan bäri harby we telekeçilik maksatly awiapudakdaky gazanylan sepgitleri tanyşdyrýan meýdançadyr.

Birleşen Arap Emirlikleriniň baş awiakompaniýasy çäräniň dowamynda Boeing we Airbus kompaniýalarynyň 110 sany ýolagçy uçaryny satyn almak üçin 60 milliard dollarlyk geleşik baglaşdy.

Müsüriň, Iordaniýanyň we Marokkonyň hem awiakompaniýalary iri geleşikleri baglaşdylar. Hünärmenler bu geleşikleriň pandemiýa döwründe çekilen ýitgilerden soňra awiapudagyň dikelýändigini görkezýär diýip, belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Ýewropa kosmosa dolandy
“Boeing 747” uçary ilkinji gezek köpçülige görkezildi
100 uçar sargyt etdi
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze Boeing uçary bilen ýetirildi
Turkish Airlines awiakompaniýasy Airbus we Boeing uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy