Häzirki wagtda Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriljek XXVIII Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara maslahata we sergä ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, olary işläp taýýarlamak we çykarmak boýunça iş alyp barýan Dragon Oil kompaniýasy Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 (OGT-2023) atly 18-nji halkara maslahatyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy. Bu barada maslahatyň guramaçylary habar berdi.
Ozal habar berşimiz ýaly her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen forumyň bu ýylky guramaçylary hökmünde Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konserni, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy Turkmen Forum HJ bilen bilelikde GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda çykyş edýärler.
Ýeri gelende bellesek, Dragon Oil nebit we gaz ýataklaryny gözlemäge, özleşdirmäge hem-de çykarmaga ýöriteleşen, dolulygyna Dubaýyň hökümetine degişli bolan kompaniýadyr. Kompaniýanyň esasy önümçilik aktiwi Hazar deňziniň türkmen bölegindäki Çeleken şertnamalaýyn meýdançasydyr.
Mundan ozal Turkmenportal-yň size habar berşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumyna Türkmenistanyň nebit we gaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebitleýin we dünýä meýillerini ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň köp sanly ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň we dünýä maliýe institutlarynyň başlyklarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Bu forumyň esasy maksady ýurduň nebit we gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.