Dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminiň öňýany, serdarly çarwadarlar şertlerden şikaýatçy

Dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminiň öňýany, serdarly çarwadarlar şertlerden şikaýatçy

Türkmen çarwadarlary nobatdaky owlak-guzy möwsüminiň öňýany ýurduň maldarçylyk pudagyndaky şertlerden şikaýat edýär.Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 24-nji fewralda habar berdi. “Serdar etrabynyň çarwadarlary we goýun-geçi çopanlary üçin häzir agyr we jogapkärçilikli döwür owlak-guzy döwri başlandy. Çopanlar soňky ýyllarda dürli sebäplere görä owlak-guzy almakda döwlet planlaryny ýerine ýetirip bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy regiondan maglumat berdi.

Onuň ençeme çopanyň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, çarwadarlar weterinar lukmanlaryň zerur dermanlary wagtynda ýetişdirip bilmezligi hem-de ot-iým ýetmezçiligi bilen baglylykda tohumlyk goýunlara ýerli şertlere laýyk ideg etmekde kösenýärler. “Ýöne ýekeje goýun-geçi keselden haram ölse, prokuratura çopanlara azar baryny berýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir ýerli çopan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, Serdar etrabynyň Azady hem-de Goç daýhan birleşiklerindäki çopan goşlarynda indi ençeme ýyl bäri döwletiň owlak-guzy plan borçnamasynyň ýerine ýetirilmeýändigini habar berdi. “Goýunlaryň baş sany ýyl-ýyldan azalýar, sebäbi döwlet çärelerinde semiz we sagdyn mallar ete tabşyrylýar, tohumlyk üçin ýarym kesel goýun-geçiler goýulýar” diýip, döwletiň goýunlaryny bakýan Merdan aga (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Fotosergi: Köpetdagyň eteginden owlak-guzy möwsümini görkezýän pursatlar Galyberse-de, ýerli çarwadarlaryň sözlerine görä, öri meýdanlarda ýeterli şertleriň bolmazlygy, möwsümleýin waksinalaryň gijikdirilmegi, hususan-da goýunlaryň bagrynda dürli kesellere ýol açýar. “Köpçülikleýin haram ölen goýunlar çopanlaryň boýnuna galýar” diýip, ýerli çopan Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň hökümet resmileri ýurtda owlak-guzy we köşek almak möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini öňe sürýärler. 17-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk resmileri we welaýat häkimleri bilen geçiren iş maslahatynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň guralyşyny “berk gözegçilikde saklamagy” resmilerden talap etdi.

Serdar etraby Balkan welaýatynda ýerleşýär.Balkanyň häkimi Tagandurdy Atahallyýew prezidente beren hasabatynda welaýatyň “maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak boýunça öňde boljak möwsümiň guralyşy, ony ýokary derejede geçirmek üçin döredilýän şertler barada” hasabat berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan serdarly çarwadarlar welaýat häkiminiň sözleri bilen ylalaşmaýar.Olar bu ugurda bar bolan kemçiliklerden, hususan-da semiz we sagdyn mallaryň döwlet tarapyndan ete berlip, ýarym kesel goýun-geçileriň tohumlyk goýulmagyndan, waksinalaryň gijikdirilmeginden, iým ýetmezçiliginden hem-de weterinar lukmanlaryň zerur dermanlary gijikdirmeginden şikaýat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýokary derejeli kadr çalşygynyň arasynda, obasenagat toplumynda iş taşlaýan adamlar köpelýär
Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan bilen “Case New Holland” işewürlik hyzmatdaşlygy giňeltmekçi
Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimlerine ýubileý medallaryny gowşurdy