DOWAMATLYLYK—HÄZIRKI ZAMAN SUNGATYNYŇ GÜÝJI

DOWAMATLYLYK—HÄZIRKI ZAMAN SUNGATYNYŇ GÜÝJI

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň bilelikdäki konserti baýramçylyk çärelerine özboluşly öwüşgün çaýdy.Birleşen orkestr toparynyň ýerine ýetirmeginde täze taryhy döwürde türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlanan Kerwen atly saz ýaňlandy.

Umuman, dünýäniň we milli nusgawy sazlarynyň hazynasyndan sazlaşykly ýerine ýetirilen çykyşlar diňleýjilerde ýakymly täsirleri galdyrdy.Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz atly ruhubelent aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nurana geljege barýan Garaşsyz ýurdumyzyň häzirki bagtyýar döwrüne buýsanç kelamyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri
Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny
Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi
Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirilýär