Dostlukly Zähmet dermanhanasy arzanladyş kartyny resmileşdirmegi teklip edýär

Dostlukly Zähmet dermanhanasy arzanladyş kartyny resmileşdirmegi teklip edýär

Dostlukly Zähmet dermanhanasy müşderileri üçin täze aksiýa yglan edýär. Indi her bir müşderi arzanladyş kartyny resmileşdirip, ähli önümlere arzanladyş alyp biler.

Dostlukly Zähmetde ilkinji söwdadan soň, indiki söwdalaryň hemmesine 3% arzanladyş hukugyny berýän arzanladyş kartyny alarsyňyz.

Talyplar üçin talyp şahadatnamasy görkezilende 4% arzanladyş göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem pensionerler pensiýa şahadatnamasyny görkezip, arzanladyş kartyny alyp bilerler. Pensionerler üçin arzanladyş 5%.

Dostlukly Zähmet dermanhanasynda iň giň ýaýranlardan başlap, seýrek we ýöriteleşdirilen dermanlara çenli lukmançylygyň ähli ugurlaryna degişli dermanlar hödürlenýär.

Dostlukly Zähmet dermanhanasynyň wekili bu ýerde üpjün edijileriň saýlanylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýtdy: Biz OlainFarm (Latwiýa), Abbot (ABŞ), Sopharma (Bolgariýa), KRKA Berlin-CHEMIE (Sloweniýa), BiONORICA (Germaniýa), Grindeks (Latwiýa), EVER PHARM (Awstriýa) Eladiet (Ispaniýa), Ajanta (Hindistan) ýaly dünýäniň ygtybarly we ynamdar öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

Dostlukly Zähmet dermanhanasyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: S.Seýdi köç., Rysgally binasy, 1-nji gat ýa-da şu telefonlar arkaly sargyt ediň: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Dostlukly Zähmet dermanhanasy: türgenler we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin harytlar
Türkmen we hindi prezidentleri 'derman maslahatyny' etdi, BSG 'hadysasyz' Aşgabada kömek iberýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Adatdan daşary...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda