“Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada ylalaşygy taýýarlamak boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji maslahaty geçdi

“Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada ylalaşygy taýýarlamak boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji maslahaty geçdi

27-28-nji iýulda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostlyk” gaz ýatagynda bilelikde barlag geçirmek,özleşdirmek we ulanmak barada ylalaşygy taýýarlamak boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji maslahaty geçdi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-gi we Azerbaýjanyň energiýa ministrligi habar berdi.

Azerbaýjanyň toparyna energiýa ministri Parwiz Şahbazow, türkmen toparyna “Türkmengaz” gaz edarasynyň başlygy Batyr Amanow ýolbaşçylyk etdi.

Azerbaýjanyň energiýa ministrliginiň maglumatyna laýyklykda, duşuşykda taraplar ylalaşygyň garalamasy barada işlediler we geljekgi ädimleri işläp taýýarladylar.

Türkmenistanyň DIM-gi bolsa, “partniýorlary we maýadarlary çekmek boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge esasy üns berildi” diýip ýazdy.

Türkmenistan we Azerbaýjan özara düşünişmek baradaky jarnama 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda gol goýupdy.

18-nji fewralda prezident Berdimuhamedow Russiýanyň “Lukoýl” şirketiniň başlygy, asly Azerbaýjanly Wagit Alekperow bilen“Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda maslahatlaşdy.

24-nji iýunda Berdimuhamedow Azerbaýjanyň döwlet “SOCAR” nebit şirketiniň başlygy Rawnag Awdyllaýew bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek, işläp taýýarlamak we onda barlag geçirmek bilen bagly meseleler barada gürrüň edipdi.The post “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada ylalaşygy taýýarlamak boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji maslahaty geçdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow we rus “Lukoýlynyň” başlygy Hazardaky ýataklary özleşdirmegi ýene-de maslahatlaşdylar
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY-2021 ATLY 26-njy HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Aşgabatda OGT 2022 halkara nebitgaz forumy geçiriler
Berdimuhamedow Azerbaýjanyň “SOCAR” şirketiniň başlygy bilen “Dostlyk” ýatagyny özleşdirmek barasynda gürrüň etdi
“Lukoil” 2022-nji ýylyň ahyrynda Hazardaky “Graýfer” ýatagyny işe girizer
Türkmen Lideri we “Lukoýl”-yň başlygy energiýa serişdelerini özleşdirmegi maslahatlaşdylar