“Dostluk sährasy” aýda 1-1,5 tonna çitimlik haly ýüplügini öndürýär

“Dostluk sährasy” aýda 1-1,5 tonna çitimlik haly ýüplügini öndürýär

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän “Dostluk sährasy” hususy kärhanasynda her aýda 1-1,5 tonna aralygynda ak reňkli çitimlik haly ýüplügi öndürilip, olar ýurduň halyçylaryna ýerlenilýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana el halylaryny dokamak üçin çig mal bolan ak reňkli ýüň ýüplükleriň önümçiligini alyp barýar.

“Dostluk sährasy” hususy kärhanasy ýerli telekeçilerden arassalanyp ýuwlan ýazky goýun ýüňüni satyn alýar we alnan goýun ýüňi bu ýerde ýörite enjamlaryň kömegi bilen gaýtadan işlenýär.

Kärhananyň degişli hünärmenleri bu ýüplükleriň hiliniň gowudygyny, berkdigini bellemek bilen, olardan ýokary hilli el halylaryny dokap bolýandygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine Dostluk ordenini gowşurdy
“Döwletli-Döwran” ýylda 80 milliondan gowrak klinker kerpijini öndürýär
Paşinýan: "Türkiye bilen aramyzdaky buzlary eretmelidiris" diýdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanda Gresiýanyň täze ilçisi işe başlady
Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrar