Lezzetli tagamlaryň biri bolan doňdurma saglyk üçin peýdaly iýmitleriň biri hasaplanýar. Tomus paslynyň gelmegi bilen bu süýjülige bolan isleg has-da ýokarlanýar. Çagalardan başlap ululara çenli doňdurmanyň özboluşly tagamyndan lezzet alýarlar. Eýsem, doňdurmanyň saglyga nähili peýdasy barka?!
Bilermenler beýleki süýjülikler bilen deňeşdireniňde bu önümiň kaloriýasynyň pesdigini aýdýarlar.Doňdurma uglewodlar, belok we ýag ýaly maddalara, şeýle hem kalsiý, fosfor, kaliý, magniý ýaly minerallara hem-de A, B, E, K witaminlerine baý iýmitdir.
Iki çemçe doňdurmada, takmynan, 14 gram şekeriň bardygy göz öňünde tutulyp, ululara hepdede 100 gramdan 2-3 gezekden, çagalara 2 gezekden köp doňdurma iýmek maslahat berilmeýär.
Saglyga peýdasy
Süňk saglygyny goraýar. 2 bulgur doňdurmanyň düzüminde 90 milligram kalsiý bar. Bu gündelik kalsiý zerurlygynyň 9 göterimini düzýär. Kalsiý süňk we diş saglygy üçin möhüm mineral bolup, onuň esasy çeşmesi süýt, gatyk we peýnir ýaly önümlerde saklanýar. Esasy düzümi süýtden ybarat bolan doňdurma kalsiý ýetmezçiliginiň iň tagamly çeşmesidir.
Myşsany ösdürýär. Beloklar myşsalaryň esasy bölegini emele getirýär. Belogyň esasy çeşmesi et we süýt önümlerinde saklanyp, 200 milligram süýtde 6 gram belok bar. 2 bulgur doňdurma iýmek arkaly belogyň esasy çeşmesini kabul edip bolýar. Gysgaça aýdylanda, buzgaýmak beloga baý iýmit hasaplanýar.
Ýürek saglygyna oňaýly täsir edýär. Kalsiý, kaliý we fosfor ýürek-damar saglygy üçin zerur bolan minerallar hasaplanýar. Bu minerallaryň ählisi doňdurmanyň düzüminde saklanyp, ýürek-damar saglygyna oňaýly täsir edýär.
Bejergiden soňky iýmit. Sowuklygy sebäpli käbir bejergilerden soň buzgaýmak iýmek maslahat berilýär. Bu iýmit käbir ýaranyň bitmesini çaltlandyrýar. Çeýnemekde we ýuwutmakda kynçylyk çekýän hassalara buzgaýmak iýmek maslahat berilýär.
Alnernatiw süýjülik. Käbir süýjülikleriň ýerine doňdurma iýmek has-da peýdaly bolar. Sebäbi buzgaýmak ýokumlylygy ýokary bolan az kaloriýaly iýmit bolup, 50 gram doňdurmada bary-ýogy 100 kaloriýa saklanýar.