
Zelenskiý Telegram hasabyndan halka ýüzlenip çykyş etdi.
Zelenskiý front liniýasynda agyr çaknyşyklaryň dowam edýändigini nygtap, rus güýçleriniň front liniýasyndaky ilatly ýerleri ýumurmaga dowam edýändigini aýtdy.
Prezident Zelenskiý; “Russiýa Mariupol, Wolnowaha, Bahmut şäherlerinde bolşy ýaly Donbassda-da şäheri ýok edýär” diýdi.
Rus güýçleriniň şu gün we düýn şähere hüjümler gurandygyny aýdan Zelsnkiý, hüjümler sebäpli 8 ýaşly çaganyň ýogalandygyny habar berdi.
Rus tarapy bilen düýn edilen ýesir çalşygynda ýene-de 64 ukrain esgeriniň azat edilendigini aýdan Zelenskiý; “Henizem Russiýada tussaglykdaky ukrainalylaryň boşadylmagy we öýlerine dolanyp gelmekleri üçin çalyşýarys” diýdi.