Işinden çekilýän hökümet ynam sesini alyp bilmänsoň, 12-nji dekabrda parlamentde geçirilen ses berişlikde Polşanyň Premýer-ministri wezipesine Donald Tusk saýlandy.
Donald Tusk Seýmde (parlamentiň aşaky palatasy) 248 sese eýe boldy. Oňa üç sany esasy partiýa “Raýat koalisiýasy”, “Üçünji ýol” we “Çep” goldaw berdi. Donald Tuska 201 parlament agzasy ses berip, saklanan bolmady. Şeýlelikde, öňki Premýer-ministr Mateuş Muraweskiý ynam sesini alyp bilmänsoň, Seým tarapyndan Donald Tusk makullandy.
Parlament saýlawlary 15-nji oktýabrda Polşada geçirildi. Häkimiýet başyndaky “Kanun we Adalat” partiýasy (PiS) birinji ýeri eýeledi, ýöne Seýmda hökümet gurmak üçin zerur orunlaryň köpüsini alyp bilmedi.
27-nji noýabrda Prezident Anjeý Duda PiS-iň wekili M. Moraweskä Ministrler Kabinetini döretmegi tabşyrdy. Şeýle-de bolsa, Seým teklip edilen hökümeti inkär edip, PiS partiýasynyň sekiz ýyllap dolandyryşyny aradan aýyrdy.