Donald Trampyň uly aýal dogany aradan çykdy

Donald Trampyň uly aýal dogany aradan çykdy

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trampyň uly aýal dogany Merienn Tramp Barri 87 ýaşynda Nýu-Ýorkdaky öýünde aradan çykdy diýip, The New York Times neşirine salgylanýan News.ru habar berdi.

Merienn Barri köp ýyllap federal kazy bolup işledi.

Neşir uly aýal doganynyň Donald Trampyň zähmet ýolunda uly hyzmaty bitirendigini ýazýar. ABŞ-nyň öňki döwlet Baştutany onuň pikirlerine gulak asypdyr, köp gezek tankydy belliklerini hem alypdyr. Bu öz gezeginde Trampyň çözgütlerine täsir edipdir.

Soňky birnäçe ýyl bäri Donald Tramp eýýäm üçünji ýitgini başdan geçirýär, 2000-nji ýylda onuň kiçi dogany Robert, 2022-nji ýylda ilkinji aýaly Iwana aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
Ak tam onlarça ýurduň raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan etmekçi bolýar, sanawda Türkmenistan hem bar Reuters
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
On ýaşly oglanjyk ejesiniň awtoulagyny alyp gaçyp, 300 kilometr menzil geçdi
Bukingem köşgi adaty bolmadyk wezipe üçin hünärmen gözleýär
ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy
Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi