Donald Tramp kazyýetiň öňüne çykdy

Donald Tramp kazyýetiň öňüne çykdy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp uly ýaşly kino aktýory Stormi Danielse 2016-njy ýylda geçirilen Prezident saýlawynda gürlemezligi üçin töleg bermegi bilen baglanşykly gozgalan kazyýet işiniň çäginde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde kazyýetiň öňüne çykdy.

Donald Tramp "Trump Tower" binasyndan ilki bilen Manhetten Jenaýat kazyýetine soň bolsa, şol bir binada ýerleşýän Manhetten Sebitleýin Prokuratura geçdi.

Tramp kazyýetden ozal "Truth Social" saýtynyň üsti bilen beren beýanatynda: "Manhettene, Adalat binasyna gidýäris. Bu gaty sýurreal görünýär. Eýwaý meni tussag etjekler. Bularyň ABŞ-da bolýandygyna ynanyp bilemok" diýip belledi.

Donald Trampyň kazyýet binasyna barmaklarynyň yzy alyndy we surata düşürildi.

Donald Tramp kazyýet diňlenşiginde özüne garşy ýöňkelen günäkärlemeleri diňläninden soň 34 aýyplamany ret etdi.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, özüne garşy gozgalan kazyýet diňlenşigi Nýu-Ýorkda 4-nji dekabrda geçiriler.

2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawyna dalaşgär bolan Donald Tramp, günäkärlemeler sebäpli kazyýetiň öňüne çykan ilkinji ozalky Prezident boldy.

Kazyýet diňlenşiginiň geçiriljek Manhettendäki kazyýet binasynyň töwereginde giň gerimli howpsuzlyk çäreleri görüldi. Sebite diňe aklawçylaryň we metbugat işgärlerini girmegine rugsat berildi.

Ýene degişli makalalar

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Tramp Putin we Szinpin bilen ýadro ýaragsyzlanma hakynda gepleşikler geçirmek isleýar
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Ispaniýa Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär