Tehas ştatynyň Dallas şäherinde geçirilen 2022-nji ýyl Konserwatiw syýasy hereket konferensiýasynda çykyş eden Donald Tramp, demokratlary tankyt etdi we 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawyna gatnaşmak ähtimallygynyň bardygyny beýan etdi.
Donald Tramp takmynan 2 sagat dowam eden çykyşynda, 8-nji noýabrda geçiriljek goşmaça saýlawlary göz öňünde tutup: "Amerikanyň yza gaýdyp gelişi şu ýylyň noýabr aýynda başlar we 2024-nji ýylyň noýabr aýynda özgejek bökdençsiz itergimiz bilen dowam eder" diýip habar berdi.
Çykyşynda 2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlaryň hem üstünde durup geçen Tramp: "Ony ýaňadandan etmeli bolmagymyz mümkin" diýip nygtady.
Donald Tramp Prezident döwründe we ondan soň özüne garşy ýöňkelen günäkärlemeleri hem tankyt etdi.
Ýurduň taryhynda iň köp zulum çeken adamdygyny aýdan Tramp: "Eger öýde otyran bolsadym onda Donald Trampa garşy zulum durardy, emma men ony etmerin, sebäbi ýurdumy we raýatlarymy gowy görýärin" diýip belledi.
Donald Tramp geçen aý "Nýu-Ýork Magazine" beren beýanatynda, 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawy babatynda entek çürt-kesik barara gelmändigini habar beripdi.