Dominikan Respublikasynyň ýaşaýjysy gaýykda Kolumbiýanyň suwlarynda galdy we 24 günläp diňe üwmeç bilen garbandy. Ony ahyry halas edijiler tapdylar diýip, Kolumbiýanyň Harby-deňiz güýçleri habar berdi. Bu barada RIA Nowosti ýazýar.
Meniň ýanymda azygym ýokdy. Diňe bir çüýşe üwmeç, sarymsak poroşogy hem-de bulýon kubikleri bardy. Men olary suwa garyp, 24 gün açyk deňizde oňňut etdim diýip, 47 ýaşly Elwis Fransua gürrüň berdi.
Fransua Karibleriň Sen-Marten adasynda özüniň ýelkenli gaýygyny abatlamak bilen meşgullanýardy. 2022-nji ýylyň dekabrynda howa bulaşyp, şemal onuň gaýygyny deňze äkitdi. Ol deňiz nawigasiýasy barada sowady bolmansoň, azaşdy.
Elwisiň aýtmagyna görä, golaýyndan beýleki gaýyklar häli-şindi geçipdir. Dominikanlynyň olary saklamak üçin hatda gaýygynda ot ýakan gezekleri hem bolupdyr, emma ony hiç kim görmändir. Ahyrynda ol barada uçarlaryň biri Koumbiýanyň Harby-deňiz güýçlerini habarly edipdir.
Dominikanly gaýygynyň gapdalyna kömek ediň diýen ýazgyny hem oýup ýazypdyr, ony Puerto-Boliwardan 222 kilometrlikde tapypdyrlar.