Golliwuduň aktýory Dolf Lundgren Örän güýçlüler atly filmde surata düşýärkä, kärdeşi Silwester Stallonäni tasdan urandygyny gürrüň berdi. Aktýoryň sözlerine görä, bir gezek Stallone oňa surata alyş toparynyň öňünde gygyryp, bir sahnany 20 gezek gaýtalamaga mejbur edipdir.
Günorta arakesmä çykylan wagty Lundgren aýalyna jaň edip, Eger ýene bir söz diýäýse, Stallonäni urup ýykjakdygyny aýdypdyr. Emma soň Stallone ötünç sorapdyr we olaryň arasynda hiç hili darkaş bolmandyr.
Örän güýçlüler filminiň birinji bölümi 2010-njy ýylda ekrana çykdy, onda Silwester Stalloneden we Dolf Lundgrenden başga-da Jeýson Stethem we Mikki Rurk çykyş etdiler.
Bu barada NME neşirine salgylanýan News.ru ýazýar.