“Dolce & Gabbana” tebigy deriden ýüz öwürdi

“Dolce & Gabbana” tebigy deriden ýüz öwürdi

INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Italiýanyň meşhur Dolce & Gabbana modalar öýi şu ýyldan başlap, tebigy derini ulanmakdan ýüz öwürýändigini habar berdi.

Dolce & Gabbana öýüniň aragatnaşyk we marketing boýunça direktory Fedele Usainiň sözlerine görä, öý önümçilige diňe ekologiýa taýdan arassa innowasion materiallarydyr tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen çäklenmän, iş orunlaryny hem saklap galar, deri işläp bejeriji ussalar bilen gatnaşygyny dowam eder. Indi olar egin-eşik we aksessuarlary döretmekde tebigy deriniň ýerine emeli çalşyryjylary ulanarlar.

Öň tebigy derini ulanmakdan Armani, Gucci, Prada, Versace moda öýleri ýüz öwürdiler.

Ýene degişli makalalar

L'Oreal kompaniýasynyň satuwlary 10 milliard ýewro ýetdi
Jorjio Armani, modada we sungatda gazanylan üstünlik üçin Italiýanyň iň ýokary baýragy bilen sylaglandy
Gucci Italiýanyň iň gymmat moda brendi boldy
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
L’Oreal III çärýekde satuwy 19,7% ýokarlandyrdy
Dolce & Gabbana kolleksiýalarynda sütük ulanmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi