Dolce & Gabbana kolleksiýalarynda sütük ulanmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi

Dolce & Gabbana kolleksiýalarynda sütük ulanmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi

Dolce & Gabbana moda öýi şu ýyldan başlap kolleksiýalarynda tebigy sütügi ulanmazlyk kararyna geldi. Bu barada moda öýündäki aragatnaşyk we marketing toparynyň ýolbaşçysy Fedele Uzai habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Moda öýi iş orunlaryny saklamak üçin sütük eýlemek boýunça ussatlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirip, ekosütükden egin-eşikleri we aksessuarlary öndürmegi maksat edinýär.Mundan öň moda dünýäsiniň başga-da birnäçe wekili sütük ulanmakdan ýüz öwürdi.

Olaryň arasynda Italiýanyň Prada, Giorgio Armani we Versace kompaniýalary, şeýle-de Burberry, Michael Kors, Ralph Lauren halkara markalary we britaniýaly modelýerler Wiwýen Westwud hem-de Stella Makkartni bar.

Ýene degişli makalalar

Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Gucci Italiýanyň iň gymmat moda brendi boldy
L’Oreal III çärýekde satuwy 19,7% ýokarlandyrdy
L'Oreal kompaniýasynyň satuwlary 10 milliard ýewro ýetdi
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi