Dolandyryjy Halk partiýasy ýeňiş gazandy

Milli saýlaw komitetiniň çap eden resmi netijelerine görä, Premýer-ministr Hun Seniň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy Kamboja Halk partiýasy (CPP) iýul aýynda geçirilen saýlawlarda parlamentde 125 orundan 120-sine eýe boldy. Şazada Norodom Çakrawutyň Garaşsyz, bitarap, parahatçylykly Kamboja üçin milli birleşik partiýasy (FUNCINPEC) galan bäş orna eýe boldy.

-Hawa, resmi netijeler 23-nji iýulda geçirilen ählumumy saýlawlarda Kamboja Halk Partiýasynyň parlamentde 120 orny, Garaşsyz, bitarap, parahatçylykly Kamboja üçin milli birleşik partiýasynyň bolsa bäş orna eýe bolandygyny görkezýär diýip, saýlaw komitetiniň agzasy we metbugat sekretary Dim Sowannar aýtdy.

Ýedinji ählumumy saýlawlara 18 syýasy partiýa gatnaşdy. Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, KHP, takmynan, 6,4 million sese (82,3%), Garaşsyz, bitarap, parahatçylykly Kamboja üçin milli birleşik partiýasy sesleriň 716490-sine (9,2%) eýe boldy.

38 ýyldan gowrak wagt bäri Premýer-ministr wezipesinde işlän Hun Sen wezipesinden çekiljekdigini we bu wezipäni uly ogly Hun Manete tabşyrjakdygyny mälim etdi. Şeýle-de bolsa, 70 ýaşly lider indiki ýyl 25-nji fewralda geçiriljek saýlawlardan soň KHP-niň başlygy wezipesinde galjakdygyny, şeýle-de Senata (parlamentiň ýokarky palatasy) ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.

Hun Sen täze saýlanan Milli Assambleýanyň (partlament) ilkinji maslahatyny 21-nji awgustda geçirjekdigini, 22-nji awgustda Hun Manetiň ýolbaşçylygyndaky täze bäş ýyllyk hökümetiň kasam kabul etjekdigini mälim etdi.

Kamboja Patyşalygy hindihytaý ýarym adasynyň günortasynda ýerleşýän Günorta-Gündogar Aziýada bir döwlet. Paýtagty Pnompen. Ilaty 16 milliondan gowrak adam. 1993-nji ýyldan bäri – konstitusion monarhiýa, döwlet baştutany Patyşa. Kanun çykaryjy organ, iki palataly parlamentdir (Milli Assambleýa we senat). Gündogarda Wýetnam, demirgazykda Laos we demirgazyk-günbatarda Taýland bilen serhetleşýär.

Ýene degişli makalalar

Hun Manet täze Premýer-ministr hökmünde tassyklandy
Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Kambojanyň Patyşasy Hun Seniň ogluny täze Premýer-ministr edip belledi
Kambojanyň hökümeti köçelerdäki tanslara garşy göreşýär
Dolandyryjy partiýanyň ýeňşi
Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy