Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy

Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy

Türkmenistandaky adalatsyzlyk we işden kowulandygy barada açyk çykyş edenden soň dokuz ýyl möhletli tussaglyga höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy.Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Ismatullaýewa Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen günä geçişiň çäginde dekabr aýynda boşadylypdyr.

Onuň azatlyga çykarylmagy baradaky maglumatlar, lukmanyň bikanun işden boşadylmagy bilen bagly ýagdaý barada habar beren turkmen.news neşiriniň çeşmeleri tarapyndan hem tassyklandy.

"Hursanaý [Ismatullaýewa] dekabr aýynda boşadyldy we häzirki wagtda maşgalasy bilen öýünde bolýar" - diýip, Azatlygyň çeşmelerinden biri aýdýar.

Hursanaý Ismatullaýewa 2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda, Türkmenistanda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriniň Ýewropa Parlamentiniň deputatlary bilen geçirilen ýygnakda işden bikanun boşadylandygy barada gürlän gününiň ertesi tussag edildi. 10 adamdan ybarat topar ony öýünden alyp gidenden soň, Ismatullaýewa bilen birnäçe hepdeläp aragatnaşyk bolmady.

Soňra doktor Ismatullaýewa kezzaplykda aýyplandy. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we lukmanyň garyndaşlarynyň pikiriçe, oňa garşy sud işi toslanyp tapyldy.

2021-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatdaky sud ony günäkär hasaplady we dokuz ýyl azatlykdan mahrum etdi.

2020-nji ýylyň güýzünde Hursanaý Ismatullaýewa Turkmen.news neşirine 2017-nji ýylda näsaglara gereksiz tölegli synaglary we operasiýalary bellemekden ýüz öwrendigi, şeýle hem köpçülikleýin çärelere gatnaşmak islemeýändigi sebäpli perinatal merkezden işden kowulandygyny gürrüň berdi. Onuň işden çykarylmagyna bejergi üçin Sankt-Peterburg şäherine gitmegi bahana boldy. Şondan soň lukman birnäçe ýyllap işine gaýdyp bilmedi we beýleki hassahanalarda iş tapyp bilmedi.

2020-nji ýylyň ahyrynda ol Berdimuhamedowyň adyna wideo görnüşli ýüzlenmesi bilen çykyş etdi. Şol ýazgyda lukman raýatlaryň prezidente ýüz tutup, internet arkaly habarlaşyp, adalat gazanmaga mümkinçiligi bolan bolsa, onda olaryň belki halkara adam hukuklary guramalaryndan kömek soramagyna zerurlygynyň bolmajagyny aýtdy.

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Turkmen.news neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew Ýewropa Parlamentinde adam hukuklaryny goraýjylaryň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşykda lukmanyň işinde gaýtadan dikeldilmegi ugrundaky göreşi barada gürrüň berdi. Ertesi gün Ismatullaýewa tussag edildi.

Adam hukuklaryny goraýjy birnäçe halkara guramasy we Ýewropa Parlamentiniň agzalary Ismatullaýewanyň dessine boşadylmagyny talap etdiler.

Derňewçiler 2016-njy ýylyň iýun aýynda Ismatullaýewanyň garry Wýaçeslaw Şapowalowyň bir otagly kwartirasyny hususylaşdyrmak üçin ynanç hatynda onuň goluny gaplaşdyrandygyny we 2019-njy ýylyň güýzünde ony garrylar öýüne ýerleşdirendigini öňe sürdüler. Derňewçiler 2020-nji ýylyň maý aýynda lukmanyň garry adamyň kwartirasyny Bika Mammadowa 270 000 manada satyp, puly özüne alandygyny öňe sürdüler.

Turkmen.news neşiriniň çeşmesiniň habaryna görä, Hursanaý Ismatullaýewa bir garry adama kömek edipdir we onuň garyndaşlarynyň haýyşy boýunça oňa seredipdir.Lukman Şapowalowy birnäçe ýyllap bejerdi we 2019-njy ýylda bu adam garrylar öýüne tabşyryldy.

Onuň kwartirasy satyldy we girdeji Şapowalowyň garyndaşlaryna geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, neşiriň çeşmelerine görä, Şapowalowyň garyndaşlary lukmanyň adyna aldaw ýa-da ogurlyk barada hiç hili şikaýat etmändirler.

Hursanaý Ismatullaýewa iň soňky amnistiýa esasynda azat edilen ikinji adam boldy, adam hukuklaryny goraýjylaryň pikirine görä jenaýat işi syýasy sebäplere görä toslanyp tapyldy.

Dekabr aýynda balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewiň boşadylandygy belli boldy.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň "Nebitdagnebit" bölüminiň aklawçysy bolup işleýän Allaberdiýew, daşary ýurtlardaky türkmenleriň protest hereketi bilen baglanyşygy sebäpli 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi. 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen sudy ony huligançylykda günäkärledi we alty ýyl azatlykdan mahrum etdi.

BMG-niň esassyz tussaglyklar boýunça iş topary Pygambergeldi Allaberdýewiň tussag edilmegini esassyz we halkara hukugyna ters diýip ykrar etdi.

Bu aralykda, beýleki aktiwistler we raýat žurnalistleri, şol sanda Nurgeldi Halykow we Mansur Mengelow türkmen türmelerinde galýarlar.

Şeýle-de, 2018-nji ýylyň mart aýynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikden soň ýitirim bolan, soňra dönüklikde aýyplanyp 20 ýyl azatlykdan mahrum edilen Ömrüzak Omargulyýewiň ykbaly barada hem hiç zat bilinmeýär. Türkmen häkimiýetleri Omargulyýewiň azatdygyny öňe sürseler-de, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bu maglumatlary tassyklamadylar.

Türkmen hökümeti adam hukuklarynyň yzygiderli bozmagy we başgaça pikirlenýänleri yzarlanmagy üçin tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod sebitine guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy
Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär