Dokma toplumynyň gymmatly çig maly

/* custom css */ .td_uid_19_60c2a9f748dbf_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c2a9f748dbf_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek barada durmuşa geçirýän özgertmeler maksatnamalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy täzeçe ösüşleriň belent sepgitlerine barýar.

Milli ykdysadyýetimizde uly orny eýeleýän bu pudagyň ösdürilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ykdysady kuwwatymyzyň barha ýokarlanmagyna uly mümkinçilik berýär.Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýüpek süýümlerinden matalary dokamak üçin pile önümçiligine aýratyn üns beripdirler.

Bagtyýarlyk döwrümizde piläniň bol hasylyny almak üçin ähli şertler döredilýär.Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýurdumyzyň ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenjek ýylynda hem pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu ýyl Mary we Lebap welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän zawodlarda öndürilen ýüpek gurçugynyň tohumy idedildi.

Soňky ýyllarda bu zawodlarda ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen, ýurdumyzyň howa şertlerine çalt uýgunlaşyp bilýän Türkmen-13, Türkmen-16, Dostluk-1, Lebap-2, Ak pile-1,2 ýaly ýüpek gurçuklarynyň tohumlary döredildi.

Olar talaba görä janlandyrylyp, gowy şertlerde idedilende, ýokary hilli pile berip, olar dürli kesellere-de çydamlydyr.Häzirki döwürde Aşgabadyň ýüpek fabrigi, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi, Ruhabadyň panbarhat öndürýän fabrigi türkmen pilesiniň iň esasy alyjylarydyr.

Adamlar gadymy döwürlerden bäri ýüpekçilik bilen meşgullanyp gelýärler. 4 müň 600 ýyl mundan ozal Hytaýda ýüplük almak üçin gurçuk ýetişdirilip başlanandygy aýdylýar.Soňra bolsa, hindiler ýüpekçilik bilen meşgullanypdyrlar.

Wagtyň geçmegi bilen bu haryt Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr we iň geçginli haryda öwrülipdir.Gündogardan günbatara daşalan bu önüm Ýüpek ýoly ady bilen belli bolan şol döwürleriň iň uzyn halkara gatnaw ýoluny emele getiripdir.

Oňa şeýle adyň berilmegi hem näderejede ähmiýetlidigini görkezýär.VI asyrda Wizantiýada we Rim Imperiýasynyň dürli ýerlerinde ýüpekçilik ýaýrapdyr.Soňky ýyllarda Italiýada hem-de Günbatar Ýewropa ýurtlarynda ýüpek gurçugy tutulyp başlanypdyr. Ýüpekden tikilen egin-eşikler ýörite baýramçylyklarda we dabaralarda geýlipdir.

Häzirki wagtda dünýäde iň köp pile taýýarlanýan ýurtlar Ýaponiýa, Hytaý we Italiýadyr.Hindileriň milli medeniýetinde uly orun tutan sari lybasynyň hem ýüpekden edilen görnüşleri has meşhurlygy bilen tapawutlanýar.

Aýsoltan Aşyrowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Gagauz türkçesi
Birgi dünýäniň iň gowy obalarynyň sanawyna girdi
Gadymy Afrodisias Şäheri
Müsürde 22 Sany Gadymy Mazar Tapyldy
Walla Kaniony
MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ ÄHMIÝETI atly duşuşyk we UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR GADYMY MERWDE atly sergi
Stambulyň Zabt Edilen Gününe Bagyşlanan Ýörite Gepleşik