Dokma senagatyna degişli italýan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler

Dokma senagatyna degişli italýan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler

24 28-nji iýun aralygynda italýan dokma enjamlary öndürijileriniň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar. Bu sapar Italiýanyň dokma senagatynyň enjamlaryny öndürijiler birleşigi (ACIMIT) hem-de Italiýanyň söwda gullugy tarapyndan guralyp, onuň dowamynda wekiliýetiň Türkmenistanyň döwlet edaralary hem-de hususy düzümleri bilen birnäçe duşuşyklary geçiriler.

Italiýanyň dokma senagaty üçin türkmen bazary ýokary ösüş mümkinçiliklerine eýe.Pagta ýurduň eksportynyň düzümindäki üçünji esasy haryt hasaplanylýar. Ýurduň Hökümeti ýerli çig mallary gaýtadan işlemäge ukyply kuwwatly dokma senagatyny ösdürmegi maksat edinýär.

Munuň özi dokma kärhanalary üçin täze enjamlary satyn almaga ep-esli maýa goýumlarynyň goýulmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagatynda ulanylýan enjamlara we tehnologiýalara bolan isleg çalt ösýär.

Muny 2009-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli döwürde Türkmenistanda dokma senagatynda ulanylýan enjamlaryň importynyň ortaça ýyllyk ösüş depgininiň 7,3 göterim bolandygy hem tassyklaýar. Italiýanyň dokma senagatynyň enjamlaryny öndürijiler birleşiginiň çaklamalaryna görä, 2024 — 2027-nji ýyllarda bu görkeziji 5,5 göterime deň bolar.

Dokma senagatynyň dünýä derejesine çykarmak, ilki bilen, ösüş derejesi has ýokary bolan ýurtlar bilen bäsdeşlik etmek üçin tehnologiýalary täzelemegi talap edýär. Bu wekiliýetiň saparyndan esasy maksat dokma kärhanalary üçin niýetlenen enjamlary öndürýän senagatymyz bilen Türkmenistanyň dokma kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmekden ybarat diýip, Italiýanyň dokma senagatynyň enjamlaryny öndürijiler birleşiginiň prezidenti Marko Salwade belleýär.

Italiýanyň dokma senagatynyň enjamlaryny öndürijiler birleşigi 2023-nji ýylda türkmen bazarynda italýan dokma enjamlaryna islegiň artandygyny mälim etdi. Has takygy, Türkmenistan 2022-nji ýylda Italiýadan umumy bahasy 600 müň ýewrolyk dokma enjamlaryny satyn alan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 13 million ýewro deň bolupdyr.

Maglumat üçin, italýan wekiliýetiniň düzüminde Brazzoli, Color Service, Itema, Marzoli, Mcs, Reggiani Macchine, Salvadè, Santoni ýaly kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistana geler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda awiakerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy
TNGIZT-de kerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy
Esenboga howa menzilini Gurban baýramyň ilkinji gününde 25 müň ýolagçy ulandy
Jeff Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitdi
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Dünýä habarlary gysga setirlerde