Dogry iýmitlenmek barada

Dogry iýmitlenmek hakynda gürrüň edilende, aňymyzda dürli tagamlar janlanýar. Dogry hem peýdaly iýmitlenmek üçin datly tagamlardan ýüz döndermek hökman däl. Söýgüli tagamlaryňyzyň size zyýan ýetirmezligi üçin käbir kadalary berjaý etmeli.

Dürlülik: Näçe peýdaly hem bolsa, şol bir tagamlardan yzygiderli iýmitlenmegiň hem özboluşly zyýany bardyr. Çünki aşgazan hem endik edip bilýär, ol diňe siziň elmydama iýmitlenýän şol bir tagamlaryňyzy gaýtadan işlemek üçin niýetlenen kesgitli fermentleri bölüp çykarar. Bu diýildigi, islendik täze tagamyň aşgazanyňyz tarapyndan, iň bolman-da, özleşmän bilmezlik howpy bar.

Deňagramlylyk: Iýmit size lezzet, şatlyk hem güýç-gaýrat bermeli. Ýöne bu güýç-gaýrat siziň sarp edip biljek möçberiňizde bolmaly. Eger günüň ikinji ýarymynda hiç hili fiziki güýç sarp etmeli işiňiz bolmasa, onda günortanlyk naharyny köp iýmegiň manysy ýok. Bu ýagdaýda siz iýen kaloriýalaryňyzyň ählisini sarp edip bilmersiňiz, olar siziň bedeniňizde artykmaç kilogramlar bolup saklanyp galar.

Yzygiderlilik: Göwnüňize hiç zat bilen meşgullanmaýan ýaly bolsaňyz hem, içiňizde giden bir prosesler bolup geçýär.Munuň üçin hemişe witaminler, mineral duzlar, mikroelementler zerurdyr. Şonuň üçin hem yzygiderli naharlanmaly.

Iň gowusy 3 gezek mazaly naharlanmaly — ertirlik, günortanlyk we agşamlyk. Şeýle hem aralyklarda ýeňiljek garbanmaly.Iýmitlenmegiň arasy 3-3,5 sagada barabar bolmaly.Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk tagamlaryna süýt, kefir, dorak, goýaldylan gatyk, ýogurt, süle ýarmasy, tüwi, ösümlik ýagy, peýnir, çörek, balyk, et, ýumurtga, alma, limon, käşir, kelem, ýeralma, hyýar, miwe şiresi, kädi ýaly önümler girmeli.

Tertiplilik: Nahar wagty günde çen bilen şol bir wagtda bolmalydyr. Nämedir bir zada gyzygan hem bolsaňyz, iýmitlenmegi unutmaly däl. Beýle edilse, aşgazan-içege agzalarynyň işi bozular, iýmitiň siňmegi hem-de özleşmegi erbetleşer. Eger-de siz günortanlyk naharyna gijä galsaňyz, işdäni şokolad, çipsi we gazly suw bilen kesip bolmaz. Iň gowusy talabalaýyk naharlanmakdyr. Şeýle hem agşamlyk naharyna gijä galmazlykdyr.

Lezzetlilik: Biz göwnümize ýaraýan zady iýenimizde, bedenimiz endorfin gormonlaryny bölüp çykarýar. Bu gormonlar göwnüçökgünlige garşy göreşmäge, agyryny azaltmaga, açlyk duýgusyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär, ýagny siziň şähdiňizi açýar. Ýöne gereginden artyk güýmenmeli däldir. Göwnüň göterilip, aşa köp iýmeli däl.

Kadalylyk: Ilki bilen, kiçi tabaklardan başlamaly.Zeýtun ýagyna garylan bir çanak elin işdäaçar size peýda däl-de, zyýan ýetirer.Gabymyz näçe uly bolsa, biz oňa şonça-da köp zat goýasymyz geler.

Soňam ony boşatjak bolup jan ederis.Artyk iýmezlik üçin, nahary uly bolmadyk gaplarda äberiň.Köpräk çeýnäň.Mazaly çeýnelen iýmit ýeňil siňýär.Mysal üçin, iş arakesmesinde islendik tagamlyja iýmitiň uly bolmadyk mukdaryny mazaly çeýnäp iýip, soňam uzynly gün özüňi dok hem ýeňil duýup bolýar.

Ýazmyrat Umarow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

The post Dogry iýmitlenmek barada appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guran soňky hüjümlerinde ýene-de azyndan 10 çaga ýogaldy
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi